EXPORT – dünýa bazaryna nädip çykmaly

Söwda, dünýäniň iň gadymy pudaklaryndan biri. Has hem türkmenler üçin söwda nätanyş bir zat däl, geçmişde biziň täjir ata-babalarymyz öz harytlaryny eksport etmek üçin düýeli kerwenler bilen uzak aralyklary geçipdirler.

Häzirki döwürde söwda etmeklik ýönekeý bir prosese öwrüldi, indi sanly tehnologiýalaryň kömegi bilen, torlardaky bar bolan tonnalap maglumatlar binýadyň hasabyna her bir adam öz önümini daşary ýurda eksport edip biler munuň üçin ähli şertler döredilen.

Eksport näme üçin gerek?

Eksport telekeçä başga ýurtlarda hereket edýän söwda ulgamlarynyň işine düşünmäge olaryň talaplaryny we isleglerini ýerine ýetirmek bilen, öz önüminiň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär;

Önümlerini dünýäniň dürli künjeklerine eksport etmek bilen, ýokary hilli önüm öndürýär we dünýäde tanaljak markany döredýär;

Elbetde, eksportuň berýän ykdysady bähbidini hem gyrada goýup bolmaz.

Belkide halkara bazary uly kompaniýalaryň öz arasynda bölünen diýip pikir döremegi mümkin, ýöne beýle däl. Içgin seljerme geçirilen ýagdaýynda, türkmen bazarynda, halkara bazaryna hödürlemäge, örän köp we her dürli önümler bar, hatda köp ugurlar boýunça uzak ýyllaryň dowamynda eksport edlip gelinýän önümler az däl we ýyl-ýyldan ýene-de täze mümkinçilikler açylýar.

Eksport etmek üçin näme gerek?

Ilkinji nobatda önümiň adyny saýlamaly, logosyny ýasamaly, sebäbi adyň we logotipiň harydyň geljekgi ykbalyna uly täsiri bar. At owadan we aýdylmasy aňsat bolmaly.

Halkara bazaryna çykmak üçin esasy, öndürýän önümiňize haýsy ýurtlardaky bazarlarda isleg bardygyny seljermeklik, saýlan bazaryňyzda satyn aljak müşderini tapmaklyk, uzak ýola gitjek ýüki nähili gaplamaklyk, resminama işlerini düzetmeklik, logistika seretmeklik, hasaplaşygy geçirmeklik ýaly tapgyrlary öz içine alýar.

Eksportçy üçin iň çylşyrymly bölegi hasaplaşyk bölegidir, eksport edýän, ýagny siz, puluňyzy almasaňyz ýüki ugratmakdan, satyn alyjy bolsa ýüki almasa tölegini etmekden çekiner, bular eýýäm aýratyn bir sorag bolup, bu barada siz Daşary söwdada tölegiň görnüşleri atly makalamyzda okap bilersiňiz.

Eksportuň usullary

Dünýä bazaryna çykmagyň iň aňsat we ýönekeý usullaryndan biri; internetde önümleriňiz üçin onlaýn dükan döretmek. Öz web sahypaňyzy açmak we önümleriň sanawyny görkezmek. Bu usul, köp çykdajy we wagt talap etmeýän usullaryň biri, emma munuň täsiri nähili derejede bolar, ony aýtmak kyn.

Ýene-de bir ýoly, telekeçiniň özüniň gyzyklanmasy, daşary ýurtlara sapara gitmesi, sergilere gatnaşmagy, internet sahypalarynda alyjy gözlemesi. Bu gezek, bolsa nesibä bil baglamaly bolýar.

Eger dünýä tejribesinden ugur alsak, köp kompaniýalar bu iş üçin eksport hyzmatlary bilen meşgullanýan firmalaryň kömeginden peýdalanýarlar, elbetde bu kompaniýalar hem öz gezeginde işi belli bir hyzmat hakynyň garşylygynda amala aşyrýarlar. Bu gezek bolsa, iş oňyn bolar diýip umyt etse bolýar. Sebabi kompaniýalarda bu ugur boýunça toplanan tejribe we maglumatlar binýady bolýar.

Hat-da internet söwda-da dünýä belli bolan Alibaba, Thomasnet, Ebay we başgada bar bolan onlaýn söwda meýdançalary bilen habarlaşmaga synanşyp bilersiňiz.

Üznüksizlik

Eger eksport işiňiziň ugrygan ýagdaýynda, onuň dowamly bolmasyny isleýän bolsaňyz, onda takyk bolan marketing strategiýasyny, müşderi goldawyny göz öňünden aýyrmaly däl. Esasysy müşderilerňize satuwdan soňky goldawy bermeseňiz, önümiňize isleg gitdigiçe azalar. Eksportuňyzyň gülläp ösmegini isleýän bolsaňyz daşary ýurtly müşderilerňize satuwdan soňky goldawy elýeterli etmeli.