Gymmatly kagyz diýip nämä düşünmeli

Gymmatly kagyzlar - döwlet tarapyndan düzgünleşdirilen şertlere laýyklykda goýberilen we belli bir emläge (paý, gymmatlyk, algy we ş.m.) bolan hukuklary tassyklaýan resminama. “Gymmatly kagyzlar bazary hakynda” Türkmenistanyň kanunynda oňa şeýle kesgitleme berilýär: “mälim edilende birine geçirilmegi we amala aşyrylmagy mümkin bolan, özünde berkidilen emläk hukuklaryny tassyklaýan resminamalar”. Kanun boýunça gymmatly kagyzlary aşakdaky görnüşlere bölünýär:

1) paýnamalar;

2) obligasiýalar;

3) geçirilýän wekseller;

4) geçirilýän bank depozit sertifikatlary;

5) gymmatly kagyzlaryň bazarynda aýlanýan, gymmatly kagyzlardan döredilýän kagyzlar (deriwatiwler).

Bularyň içinde köplenç paýnamalar we obligasiýalar has giňden ulanylýar. Paýnama – öz eýesiniň paýdarlar jemgyýetiniň diwidendler görnüşindäki girdejisiniň bir bölegini almaga, paýdarlar jemgyýetiniň dolandyrylmagyna gatnaşmaga we ol ýatyrylandan soň galýan emlägiň bir bölegine hukugyny berkidýän gymmatly kagyz bolup durýar.

Obligasiýa eýesine, emissiýanyň şertlerine laýyklykda emitentden bellenilen möhletde onuň nominal bahasyny ýa-da başga emläk ekwiwalentini almaga bolan hukugyny berkidýän gymmatly kagyzdyr, ýagny obligasiýa satyn almak üçin goýberen pul serişdeleriňiz belli bir möhletden soň hasaplanan göterimi bilen size gaýtarylýar.

Umuman aýdanymyzda paýnama satyn almaklyk, kärhananyň peýdasyna/zyýanyna şärik bolmaklyk ýa-da paýnamanyň häsiýetine laýyklykda paýdarlaryň ýygnaklaryna gatnaşmak, ses hukugyndan peýdalanmak ýaly mümkinçilikleri berýär.

Eýsem-de bolsa bu gymmatly kagyzlaryň bähbitli tarapy nämede? Erkin pul serişdeleriňiz bar bolsa, paýnama ýa-da obligasiýa satyn almak arkaly passiw gazanç gazanyp bilmeklik, satyn alan paýnamalarňyzyň gymmatlan ýagdaýynda bolsa ony gymmatly kagyzlar bazarynda ýerlemek arkaly goşmaça gazanç edinmek.

Haýsy görnüşdäki gymmatly kagyzlary nähili bahadan satyn alynmalydygyny kesgitlemek üçin has içgin seljerme geçirmeli bolarsyňyz, munuň üçin köplenç birnäçe maýa goýum çaklamalary we hasaplamalary ulanylýar.