Haçan ulalmaly ýa-da öz işiňi giňeltmek üçin näme gerek 

Öz işiňi giňeltmek - bu alyp barýan işiňiziň fiziki gerimini ulaltmak diýmek. Meselem, belli bir önümçilik bilen meşgullanýaňyz, goşmaça önümçiligi ýola goýmagyň wagty geldi, emma goşmaça maliýe serişdeleri, işgärler we wagt ýetmezçiligi ýaly soraglar ýüze çykyp başlady. Şular ýaly ýagdaýlar üçin öňünden, giňelmegiň esasy ýörelgeleri barada habarly bolmak peýdaly bolar.

Biznesi giňeltmegiň ilkinji şertleriniň biri, häzirki wagtda hereket edýän işiňiziň belli bir derejede öz-özüni dolandyrmagyny (awtomatlaşmagyny) gazanmak. Ýagny, hereket edýän önümçilik prosesleri siziň ähli wagtyňyzy, güýjüňizi ýa-da beýleki resurslaryňyzy alýan bolsa, onda önümçiligi giňeltmek barada pikir etmek irräk bolup biler. Köplenç, giňelmek halatlary hereket edýän biznesiň getirýän girdejisiniň hasabyna amala aşyrylýar.

Öz işiňizi giňeltmek barada ýazylan köp sanly makalalaryň we bu barada gürrüň berýän birnäçe biznes tälimçileriň bardygyna garamazdan, bularyň ählisini jemlänimizde şu aşakdaky netijeleri çykaryp bileris:

  • Haýsy hem bolsa bir biznesi ýa-da önümçiligi giňeltmek üçin, ozal hereket edýän önümçiligi öz-özüni dolandyrjak derejä ýetirmek zerurdyr. Munuň üçin ýerine ýetirilmeli prosesler, amallar we olary ýerine ýetirjek işgärler, enjamlar anyk kesgitlenmeli we netijede emele geljek önüm bellenilmeli.

  • Biznesi giňeltmegiň ikinji şerti hem ýokardaky birinji şertden gelip çykýar. Islendik täze önümçilik üçin goşmaça resurs gerek bolup durýandygyny nazara alanymyzda, telekeçä ýa-da direktora giňelmek üçin goşmaça pul serişde zerurdyr. Iň gymmatly baýlygyň, wagtdygyny nazara alanymyzda, hereket edýän önümçilik hem telekeçiniň (ýa-da direktoryň) ähli wagtyny almaly däldir. Şonuň üçin hem, biznesiň eýesi öz wezipeleriniň belli bir bölegini degişli işgärleriň arasynda paýlamalydyr (delegirowaniýe). Netijede başlyklar strategiýa barada pikir edip bilerler we giňelmegiň ýollaryny gözlemäge başlarlar.
  • Biznesi giňeltmekligiň üçünji şerti hem, ikinji şertinden gelip çykýar diýip bileris. Bu bolsa işgärler syýasatydyr. Eger-de siziň kompaniýanyň öňünde goýan wezipeleriňizi ynsaply we yhlas bilen ýerine ýetirjek işgärleriňiz ýok bolsa, onda siz öz işiňizi töwekgelçilige sezewar edýärsiňiz diýmekdir.

Jemläp aýdanymyzda önümçilik prosesleriniň belli bir derejede özüňizden garaşsyz amala aşmagyny gazanmak, wezipeleri işgärleriň arasynda dogry paýlamak, zehinli we işine berlen işgärleri seçip saýlap almak biznesiňizi giňeltmegiň ýeke-täk şerti bolmasa-da esasy şertlerinden biridir.