Кriptowalýuta - ýönekeý sözler bilen

Blokçeýniň (kiberhowpsuzlyk tehnologiýalary) işlenip düzülmegi we internetiň üsti bilen amala aşyrylýan aragatnaşygyň ösmegi, kriptowalýuta (kriptografiýa we walýuta sözünden) döretmäge mümkinçilik berdi. Käbir ykdysatçylar bu täze sanly gymmatlygy ýazgarýan bolsa, käbirleri onuň geljeginiň bardygyna ynanýar. Kriptowalýutanyň iň meşhury Bitcoin hasaplansa-da, Ethereum, Lightboxin we şuňa meňzeş başga-da birnäçe görnüşleri bardyr.

Kriptowalýuta bütinleý sanly pul hasaplanylyp ol fiziki forma eýe däldir, ol hiçbir döwletiň pul birligine ýa-da haýsy hem bolsa beýleki bir maddy bolan altyn ýa-da kümüş ýaly gymmatlyga berkidilmedikdir.

Kriptowalýuta çylşyrymly matematiki algoritimler esasynda internet tor giňişliginde döreýän sanly pul bolup, ol hiçbir döwlet ýa-da gurama tarapyndan düzgünleşdirilmeýär. Onuň bahasy tutuşlygyna isleg hem-de teklipden ugur alnyp bazar (ulanyjylar) tarapyndan kesgitlenilýär.

Blokçeýn tehnologiýasy sebäpli kriptopul (meselem Bitcoin) merkezleşdirilen serwere hem bagly däldir, islendik bir ulanyjynyň hasabynda bolup geçýän üýtgeşiklik dessine ähli ulanyjylarda bellige alynýar.

Kriptowalýutanyň birnäçe artykmaçlyklary we kemçilikleri bar. Kriptopuly ulanyp geçirilýän hasaplaşyklar ulanyjylaryň hakyky ýerleşýän ýerine garamazdan gaty çalt, ýagny birnäçe sekundyň içinde amala aşýar. Kriptowalýuta bilen hasaplaşyklar geçirilende olaryň ýitme ýa-da ogurlanma töwekgelçilikleri ýok diýen ýaly.

Kriptowalýutanyň amatsyzlygyny, onuň bahasynyň durnuksyz bolmagy ýa-da maddydäl zat bolmagynda, iň uly töwekgelçiligi bolsa ulanyjynyň diňe özüne mahsus harplardan we sanlardan ybarat bolan sanly açarynyň ýitirilmegi hasaplanýar, açar ýiten ýagdaýynda ony yzyna dikeltmek mümkinçiligi bolmaýar.