Aýakgap önümçiligi - ulydan kiçä gerek bolan geýim 

Egin-eşik bazarynyň uly bölegini aýakgaplar tutýar. Şu nukdaý nazardan, Türkmenistanda aýakgap önümçiligini gurnamak şowly biznesleriň biri bolar, gazanyljak peýdanyň uly möçberde boljagy ikuçsyz. Aýakgap öndürmek üçin gerek bolan çig malyň esasy bölegini deri düzýär. Deriniň biziň ýurdumyzda bar bolmagy, önümiň özüne düşýän bahasyna oňyn täsirini ýetirer. Belki-de diňe aýakgabyň dabanyny (podoşwa) daşary ýurtdan import etmeli bolar.

Aýakgap önümçiligini guramak
Eger-de siz kiçi göwrümli seh derejedäki önümçiligi gurnamagy göz öňünde tutýan bolsaňyz, onda az bolan ýer bilen oňup bolar. Esasy zerur şertler suw, gaz, elektro energiýa çigmaly saklamak üçin otaglar. Alyjylaryň isleglerini we bazaryň talabyny öwrenmek ilkinji mesele. Çykarjak önümiňiziň dizaýny we hili örän uly orun eýeleýär. Bazardaky esasy bäsdeşleriňiz türk we hytaý aýakgaplary bolar.

Aýakgap önümçiligi üçin gerekli enjamlar:
Ilkinji nobatda ýörite deri tikin maşyny;
Deriniň gyrajyklaryny egiji we aýry bölejikleri birleşdiriji maşyn;
Aýakgabyň ujuna şekil berýän ýörite enjam;
Petek basyjy enjam;
Petekleri ýylmaýjy enjam;
Gyralaryndaky artykmaç bölekleri kesip aýyrýan we ähli detallary birleşdirmek üçin enjam;
Aýakgabyň ýelmenmeli ýerlerini ýelmemek üçin enjam;
Aýakgabyň ýokary bölegi bilen aşaky daban bölegini birleşdirýän enjam.

Ýokarda sanalan enjamlar kiçi göwrümli önümçilik üçin niýetlenen, goşmaça uly göwrümli önümçiligi ýola goýsaň hem bolar.

Önümçiligiň esasy tapgyrlary
Ilkinji nobatda aýakgabyň ülňüsi taýýarlanýar. Materiallaryň reňki saýlanýar soň, köwşüň bölek detallary taýýar edilýär;
Petege şekil berilýär;
Tikin geçmeli ýerlerine bellik goýulýar;
Ýukaltmak maksady bilen bölek detallaryň gyralary ýakylýar we ýylmanýar. Tikinçiler detallary çatýarlar we biçimden şekil taýýarlaýar. Köwşüň şekilini bermek üçin plastinalar birleşdirýärler.
Çatylan detallary dabany bilen birleşdirýärler. Taýýar aýakgaby ýylmaýarlar. Bajyklaryny dakýarlar.

Marketing
Ilkinji nobatda - tanalmagyňyz üçin öz brendiňizi döretmek zerur. Ýenede reklama we önümiňizi tanatmak üçin geçirilýän her dürli çäreler işiňize itergi berer. Hiline üns bermeklik iň wajyp soraglardan biridir, aýakgaplaryňyz bazarda bäsdeşlige ukyply bolmagy bolsa işiňiziň şowly boljagynyň kepili.