Bulut tehnologiýalary - bulutlardaky maglumatlar

Dünýäde gitdigiçe köp kompaniýalar öz maglumatlaryny saklamak üçin gymmat bahaly serwerleri satyn almakdan ýüz öwürýärler, munuň ýerine olar bulutlary ýa-da iňlis dilinde aýtsak “Cloud computing” tehnologiýalaryny saýlaýarlar.

Maglumatlary saklamak

Iňlis dilinden “Cloud computing” sözüniň gönimel terjimesi «bulutlardaky hasaplama» ýa-da «bulutly hasaplama» diýen manyny berýär.  Bulut tehnologiýalarynda maglumat saklamak diýmeklik - bulut hyzmatyny berýän kompaniýa tarapyndan öz wirtual serwerlerinde siziň maglumatlaryňyzy saklamak üçin size berilen ygtyýarlyk diýmekdir. Netijede siziň maglumatlaryňyz şol serwerlerde ýerleşýär hem-de islendik ýerden, islän wagtyň internediň üsti bilen ulanmaga mümkinçilik berilýär. Bu bolsa ulanyjylara uly göwrümli maglumaty saklamak üçin kompýuter tehnologiýalaryny satyn almaga zerurlyk döretmeýär we pul serişdeleri tygşytlaýar.  

Bulutlar nähili işleýär

Ulanyjy, hyzmat beriji kompaniýanyň enjamlarynda wirtual serwerleri dolandyrmak üçin ygtyýar alýar. Wirtual serwerlerde işlemek üçin ulanyjynyň kompýuterinde goşmaça programmalary gurnamak gerekdäl, diňe internediň bolmagy hem-de ýönekeý brauzer gurnamaklygy ýeterlikdir. Internet torunda meşhur bolan bulut tehnologiýalaryny hödürleýänleriň hatarynda şulary mysal getirmek bolar: dropbox,  OneDrive,  Google Drive, iCloud, Yandex Disk, cloud.mail.ru.

Iş üçin bulut tehnologiýanyň peýdaly taraplary:

Maglumatlary saklaýjy tehnologiýalary satyn almaklyk üçin çykdajy etmeýär; 

Internediň üsti bilen maglumatlaryňyza islän wagtyňyz, islän ýeriňizde ulanmak;

Maglumatlaryň howpsuzlygy üpjün edilýär;

Elektron resminama dolanşygyny gurnamaga mümkinçilik berýär;

Täze başlanýan proýektlerde bulut tehnologiýalary, goşmaça kompýuter tehnologiýalaryny satyn almagyň ýerine maliýe serişdeleri tygşytlamaga mümkinçilik berýär.