Gymmatly kagyzlar bazary nähili işleýär 

Surat: Nýu-Ýork fond biržasy

Gymmatly kagyzlar bazary - ösen maliýe ulgamlarynyň aýrylmaz bölegi hasaplanýar. Her bir bazarda bolşy ýaly, gymmatly kagyzlar (GK) bazary islege we teklibe bagly. Fond biržalarynda günüň dowamynda satyn alnan ýa-da satylan gymmatly kagyzlar hakyky zatlaryň fiziki hereketi bilen amala aşyrylmaýar ýagny, dükandaky ýaly elden-ele geçýän zat ýok. Harytlar diňe ýuridiki güýji bolan gymmatly kagyzlarda ýer alýarlar we satyn alyjylaryň eýeçilik hukuklary awtomatiki usulda hasaba alynýar. Şeýle hem, bu bazaryň öz aýratynlyklary bar.

Iň möhüm zat - maglumat

Bazaryň düzgüni boýunça, aksioner kompaniýalar, aksiýalaryň bahasyna şeýle-de bu aksiýalary satyn almak ýa-da satmak hakyndaky her bir karara täsir edip biläýjek ähli faktlar (wakalar) barada aksiýalaryň eýelerine haýal etmän habar bermäge borçludyrlar. Bazarda aksiýalary aýlanýan firmalar barada şol firmalaryň içinden alynan maglumatyň (iňlisçele insider maglumat diýilýän, ýagny onuň ýagdaýy, bankrot bolmasy, başgada onuň aksiýasynyň bahasyna täsir edip biljek maglumatlar) aýan edilmegi hakynda gürrüň gidende fond biržalary jikme-jik işlenip düzülen syýasaty gyşarnyksyz alyp barýalar.

Aksiýalar hakyndaky maglumat ýöriteleşen köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde her gün çap edilýär. Biržada geçirilen söwda hakynda gysgaça takyk maglumat berilýär.

Gymmaty

Eger-de kompaniýanyň bir aksiýasy 1000 manatdan satylýan bolsa, her bir aksiýa hasaplanan peýda 50 manat diýilip yglan edilen ýagdaýynda, aksiýanyň bahasynyň girdejä gatnaşygy 20 barabardyr (1000/50 ). Göterimde hasaplasak, bir aksiýanyň girdejiligi 5% bolýar, ýagny (50/1000*100).

Satylan aksiýalaryň sany, söwdanyň nähili amala aşyrylandygyny görkezýär (başga aksiýalar bilen deňeşdireniňde), bu bolsa oňa bolan islegiň görkezijisidir. Köplenç aksiýalar bazarynda öňdebaryjy birinji derejeli aksiýalary spekulýatiw bähbidini döredýän aksiýalaryň satuw göwrümi düzýär.

Gündelik herekedi

Aksiýalaryň her günki bahalarynyň hereketi meňzeş bolmaýar. Eger-de bir görnüşli aksiýanyň bahasy biržanyň ýapylan pursatynda iň ýokarky baha ýeten bolsa emma umuman beýleki aksiýalaryň bahasy pese düşen bolsa, onda şu netijäni çykarsaň bolýar: ýokary bahany saklan aksiýa peselmäniň umumy tendensiýasyna garşy çykyp bildi we öz durnuklylygyny görkezdi diýmek.

Bazary düzgünleşdirmek

Kanunlar inwestorlary çekjek maliýe zyýanyndan ynamly goralmagyny üpjün edýär. GK bazaryny sazlaýan ygtyýarly edaralar üçin kanun üç funksiýany göz öňünde tutýar;

Birinji esasy funksiýa- bu gymmatly kagyzlar söwdasyny alyp barýanlaryň ýa-da maýa-goýum maslahatçylaryň hasaba alynmasy. Fond biržalary öz-özüni sazlaýan edara hökmünde hereket etsede, onuň kararlary we kadalaşdyryjy resminamalary döwlet tarapyndan barlanylýar.

Indiki funksiýa bu maglumatlaryň üpjün edilmegi. Täze çykarylýan gymmatly kagyzlary satýan ýa-da satuwa hödürleýänler, GK çykarylyşy we çykarýan kompaniýa hakyndaky doly-dogry we aýdyň maglumatlaryň nusgalaryny çap etmäge borçludyr .

Üçünji funksiýa – bu pudakdaky hukuk tertip-düzgüniň saklanylmagy . Kanunyň bozulmagyna garşy heret edýän ygtyýarly guramalar, inwestorlaryň bähbidine garşy hereket edýänleriň garşysyna administratiw çäreleri kabul edip bilýärler.

Inwestisiýa biznesini barlaýan we sazlaýan ygtyýarly edaralardan we kanunlardan başga, öz özüni barlaýan we sazlaýan edaralar bar. Ilkinji nobatda muňa biržalar girýär. Biržalar - alyş-çalşyň üsti bilen, treýderleriň arasynda satyn alynýan we satylýan hem-de isleg we teklip boýunça bahalaryň emele gelýän ýeridir.

Bu bazaryň özeni

Bazaryň likwidligi (pul serişdeleriň elýeterligi) - biržanyň işiniň esasy häsiýetlendiriji görkezijisidir. Likwidli bazar diýmek - baglaşylýan şertnamalaryň ýygylygy hem-de şertnamadan-şertnama arasynda bahalaryň az möçberde üýtgeýändigi, satyjy we alyjynyň arasyndaky gatnaşygy bilen häsiýetlendirilýär. Bu kadalardan uzaklaşmak kriminogen ýagdaýlaryň, inwestorlaryň arasynda dowully meýilleriň ösmegi bilen howpludyr.

Likwidligi saklamak üçin, söwda towlanyp, aýlanmasyz hem-de tekiz akymly bolar ýaly birža ähli çäreleri geçirýär. Likwidligi üpjün etmek maksady bilen, biržada ýer almaga arza bermekden başlap, biržanyň daşynda amala aşyrylýan söwdalara çenli broker firmalaryň her bir ädimi, olaryň administrasiýasy tarapyndan işlenip düzülen köp möçberdäki kadalar bilen gurşalyp alynýar.