Çaga arlygynyň "pampersleriň" önümçiligi - gündelik ulanylýan önüm

Bazarda “Pampers” diýlip tanalýan arlyklar, ulanyş möhletiniň bary ýogy bir gezeklik harytdygyna garamazdan, bahasy gaty arzan däl we muňa garamazdan, kiçi çagalary bolan hojalyklar tarapyndan oňa elmyda uly isleg bildirilýär. Möwsümi bolmadyk arlyk önümçiliginiň şowly bolmasy ikuçsuz. Häzirki wagtda, bazarda arlyklaryň açylyp ýapylýan gyralary ýelmenýän görnüşleri has uly islegden peýdalanýar. Mundan başga-da bazarda iç geýim görnüşindäki arlyklar hem giňden ýaýrap başlady.

Arlyk önümçiligini guramak

Arlyk önümçiligi öz başyna kynçylyklary bolan, irginsiz zähmeti we köpräk maýa goýumy talap edýän önümçilik görnüşidir. Onuň gymmatlygy enjamlaryň we çig mallaryň bahasyndan emele gelýär.

Önümçilik meýdany üçin, ýangyn howpsuzlygynyň we KÝGG gullugynyň talaplaryna gabat gelýän 200-300m2 bolan ýer ýeterlikdir. Gazanylan peýdadan bolsa salgyt tölemek üçin ýerli salgyt gullugynda hasaba durmaklyk maslahat berilýär.

Önümçilik işi üçin köpräk iş güýji gerek bolýar, olar: enjama gözegçilik edýän işçi operator, tehnolog, menejer, dizaýner we telekeçiniň iş gurnaýşyna baglylykda beýlekiler. Işgär sany ortaça 10-15 adamdan ybarat bolmagy mümkin.

Arlyk öndüriji enjamlar

Arlyk öndürýän enjamlar awtomat ýa-da ýarym awtomat bolup biler. Enjamlaryň öz-özüni ödemesi üçin ortaça 5 ýyla çenli wagt gerek bolar. Önümçilik kuwwatlylygyna baglylykda enjamlar minutda 150 den 1000 sana çenli öndürip bilýär. Uly göwrümde bolmadyk önümçilik sehi üçin minutda 200-den 500 sany arlyga çenli öndürýän enjam ýeterlikdir. Hil taýdan gowy we ykjam enjamlar ýapon we italýan enjamlary hasaplanýar. Arzan enjamlar bolsa Hytaýyň enjamlarydyr.

Arlygyň düzümi we gatlary

Içki gatlak - bu gatlak çygy geçirýän, çaganyň bedenine degýän gatlakdyr. Şol sebäpli bu gatlak allergiýa bermejek derejede ýokary hilli bolmalydyr. Köplenç bu gatlak üçin dokma däl düşek bolan polipropilen we poliefir süýümleri ulanylýar.

Orta gaty çygy özüne sorýan gatlak – bu gatlak aýratyn içki gatlaklardan ybarat bolup, düzümini “Superabsorbent” ýagny “Güýçli özüne sorujy” diýen element düzýär. Bu gatlagyň hasabyna ähli çyglyk we ys daşyna çykarman saklanýar.

Daşky gatlak - bu gatlak suw geçirmeýän ýörite plýonka. Bu plýonkalara gigiýena salfetkalarynda, hirurgiýa haladynda gabat gelinýär. Bu plýonkalara PE polietilen plýonkalar ýa-da termobond diýilýär.

Arlyklar bahalary boýunça bölünýärler - premium gymmady, orta bahaly we arzan çig maly bolan arlyklardyr.

Çaga arlyklary ölçegleri boýunça S den XL çenli bölünýär. Öndürijiler bazar talaplaryna görä has içgin görnüşlere hem bölýärler.

Arlyk önümçiliginiň esasy tapgyrlary

Enjamlaryň, önümi robotlaşan görnüşinde öndürýändigi sebäpli, umuman göz öňümize getirmegimiz üçin aýdylanda; Gatlaklaryň materiallary rulon şekilinde enjama dakylandan soň enjam olary gerekli biçimleri boýunça kesip başlaýar. Nobata baglylykda enjam superabsorbent diýen elementli gel guýulan orta gatlagy basýar. Gatlaklar birleşdirilýär, gyralaryna rezinler dakylýar ýelim bölejikleri dakylýar we gaplanýar.

Marketing

Bilşimiz ýaly arlyklaryň ýerlenmesi marketleriň, dükanlaryň we bazarlaryň üsti bilen amala aşyrylýar. Eger uly adamlaryňky bolsa onda olar dermanhanalarda satylyp bilner. Önümiň gaby owadan bezelen logotipli bolmagy şertdir. At ýa-da logotip ýasalanda dünýä belli öndürijileriň adyna ýada logotipine meňzeş bolmazlygy siziň önümiňiziň hiliniň ähmiýetini görkezer. Önümi ýerlemek işini elbetde reklama we başga-da mümkin bolan ýollaryň üsti bilen amala aşyrmaly bolarsyňyz.