Ofislerde kagyzy tygşytlaýarys - kompaniýanyň çykdajylaryny azaldýarys  

Seredäýmäge kompaniýalarda kompýuterleriň köpelmegi, olaryň tehnologiýanyň kämilleşmegi usulyna geçmegi, işgärleriň soňky model telefonlar we planşetler bilen üpjün edilmegi netijesinde kagyzy sarp etmekligiň möçberi azalmaly, emma muňa garamazdan köp kompaniýalarda kagyz sarp etmeklik azalmaýar. Gündelik, printerlerde gereginden artyk kagyzlar çap edilýär, çap edilen kagyzlaryň köpüsindäki maglumatlar bolsa az salymdan gymmatyny ýitirýär. Netijede kagyzlar makulatura öwrülýärler. Işgärleri printerler, gerekli şaýlar, kagyzlar bilen üpjün etmek boýunça çykdajylar bolsa aýma-aý artýar.

Kompaniýanyň tygşytlan kagyzy, oňa ykdysady bähbit getirýär, ondan başga-da tebigatdaky bütin tokaýy halas etmesede, belki bir sany agajy halas edýär. 50 işgärden ybarat bolan bir ofis (maliýe guramalary has köp çykdajy edýärler) aýda ortaça 10-12 sany petde kagyz çykdajy edýär. Bu meselä sowatly çemeleşilen ýagdaýynda kagyz çykdajyny 50% çenli azaldyp bolýar.

Sarp edilýän kagyzy azaltmagyň bir usuly – kompaniýalaryň elektron resminama dolanşygyna (ERD) geçmekligi. ERD geçmekligiň bähbitlerinden iň esasylary, kagyz resminamalardan doly bolýan arhiw otaglary boşaýar. Işgärleriň stollarynda bolsa, kagyzlar bulaşyp ýatman eýsem diňe kompýuter galýar.

Bulardan başga-da, ERD geçmegiňiz size köp artykmaçlyk berýär, meselem kanselýariýa bölüminiň çykdajysy azalýar, hatlar gowuşmaly eýesine dessine gowuşýar, daşky we içki hat ýazyşmalar tiz ylalaşyp ýerine ýetirilýär, ofisde resminama dolanşyk ulgamyny gurnamaga we tertiplemäge mümkinçilik döreýär.

Netijede bolsa, işgärler kagyzy çap etmezden öň özlerine hökman şu soragy bermeli: Belki resminamany çap etmän, elektron görnüşde saklamak ýa-da ulanmak mümkinçiligi bardyr?