Üstünlik gazanylyşy barada çykarylan iň gowy bäş film 

Her bir adamyň öz gowy görýän filmleri ýa-da okamagy halaýan kitaplary aýry-aýry bolsa-da, käbir filmler beýlekilere garanda has köp meşhurlyga eýe bolýar. Gürrüň bärde durmuşda gabat gelýän dürli kynçylyklaryň ýeňilip geçilişi we üstünlige barýan ýollar hakynda gürrüň berýän filmler baradadyr. Şunuň ýaly filmler gyzykly bolmak bilen çäklenmän, eýsem-de tomaşaçyny üstünlige ýetmäge hem höweslendirýär. Geliň şunuň ýaly filmleriň käbiri barada durup geçeliň.

Walter Mittiniň gizlin durmuşy (The Secret Life of Walter Mitty — Тайная жизнь Уолтера Митти)

Jeýms Terneriň adybir kyssasy esasynda düşürilen durmuş başdan geçirme-drama görnüşli film. Filmiň sýužeti elmydama diýen ýaly şowsuzlyga uçraýan adaty bir işgär barada gürrüň berýär. Filmiň gahrymany öz hyýalynda özüni elmydama üstünligiň çür depesinde ýaly görýär, emma, hakyky durmuşda bolsa öz etsem-goýsamlaryny durmuşa geçirmäge gorkýar. Günlerde bir gün, filmiň gahrymany düýş görmäni goýmaly öz öz isleg-arzuwlaryňy durmuşa geçirmeli diýen karara gelýär. Filmde gülküli sahnalar hem köp gabat gelýär.

Tälimçi Karter (Coach Carter - Тре́нер Картер)

Hakyky bolup geçen wakalaryň esasynda düşürilen sport dramasy görnüşli film. Bu filmde dürli ýaryşlarda elmydama ýeňiş gazansa-da, beýleki okuw dersleri boýunça pes bahalar alýandygy sebäpli mekdep tälimçisiniň basketbol toparynyň türgenleşiklerini bes etmegi barada gürrüň berilýär. Bu ýagdaý köpçüligi ikä bölýär, käbirleri bu hereketi üçin ony goldasa, käbirleri onuň bu hereketini ýazgarýarlar. Netijede topar hem sport ýaryşlarynda hem-de okuw synaglarynda ýokary üstünlikleri gazanmagy başarýar. Hakyky bolup geçen wakalara esaslanýandygy ýadyňa düşende film has hem gyzykly häsiýete eýe bolýar.

Bagta barýan ýollarda (The Pursuit of Happyness - В погоне за счастьем)

Biografiki drama görnüşli film. Fimiň sýužetinde biznesmen Kristofer Gardneriň üstünlige ýetişi barada gürrüň berilýär. Filmiň gahrymany aýaly bilen aýrylyşandan soňra entek kiçijik ýaşlardaky ogluna ýeke özi seretmeli bolýar we üstesine-de bergilerini töläp bilmeýändigi sebäpli köçede galýar. Filmiň gahrymany dürli şowsuzlyklary we kynçylyklary başdan geçirse-de ruhdan düşmeýär we öz erjelligi hem-de maksada okgunlylygy bilen arzuwyna ýetýär. Filmiň gahrymanynyň başdan geçirýän azaplary we gören görgüleri aktýor Will Smit tarapyndan şeýle bir ussatlyk bilen ýerine ýetirilýär welin, filmi duýgulanman görmek mümkin däl ýaly.

Milliardlyk ýetginjek (The Billionaire - Тинейджер на миллиард или секрет Топа)

Hakyky bolup geçen wakalara esaslanýan drama görnüşli filmi. Filmiň sýužetiniň esasynda şol wagtky iň ýaş millionerleriň biri - biznesmen Aittipat Kulapongwaniçiň başdan geçirmeleri ýatyr. Bar wagtyny onlaýn oýunlary oýnap geçirýän “Top” atly ýetginjek okuw okamaga hünär edinmäge üns bermeýär. Öz biznesini ýola goýmak üçin Top 17 ýaşynda okuwyny taşlaýar. 18 ýaşynda kakasynyň biznesi batansoň onuň maşgalasy göçüp gidýär, emma, Top dürli kynçylyklara garamazdan edýän işini dowam etdirmegi ýüregine düwýär. Ahyrynda Top milliardlarça gazanýan kompaniýanyň eýesi bolýar.

Esaslandyryjy. (The Founder - Основатель)

Biznesmen Reý Krokyň durmuşyny esas alýan çeperçilik filmi. Filmde Krokyň gatnaşmagynda we goşantlary bilen dünýä belli köpçülikleýin iýmit hyzmatlaryny hödürleýän McDonald ’s atly brendiň emele gelişi barada gürrüň berilýär. Durmuşda bolşy ýaly, Krok bu markany emele getirýänçä we dolandyryp başlaýança birnäçe kynçylyklary başdan geçirýär. Filmiň gahrymanynyň dürli maliýe kynçylyklaryndan baş alyp çykmagy we töwekgelçilikli geleşikleri baglaşmagy ussatlyk beýan edilýär. Iň bellärlikli ýagdaýlaryň biri hem, filmiň gahrymany eýýäm gartaşan ýaşa golaýlan bolsa hem, töwekgelçiliklerden çekinmeýänliginde we öz maksadyna ýetmek üçin gaýratyny gaýgyrmaýandygynda . Bu bolsa telekeçilige başlamagyň ýaşynyň ýokdugyny ýene bir gezek subut edýär.