Çörek önümlerini öndürmek

Çörek önümleriniň önümçiligi maýa goýum talap edýän, emma adamlar tarapyndan gündelik sarp edilýän, şol bir wagta – da köp sanly bäsdeşlige eýe bolan bizneslerden biri. Bu biznesde şowly bolmak önümiň hiline bagly bolýar.

Önümçilige başlamazdan öň, haýsy görnüşdäki çörek önümlerini öndürmek isleýändigiňizi saýlamaly. Mysal: öndürmek isleýäniňiz diňe türkmen çörek bolsa, bu önümçilik nokatlary Aşgabatda we beýleki şäherlerde ýeterlik mukdarda. Şu nukdaý nazardan çörek önümleriniň giň görnüşini hödürleýän saglykly we myssyk çörek önümlerini öndürmeklik maslahat berilýär.

Önümçiligi guramak

Kiçiräk göwrümde çörek we çörek önümçiligini guramak üçin 100 m2 ýer ýeterlik hasaplanýar. Önümçilik ýeri tok, gaz, suw we howalandyrma bilen üpjün edilen bolmaly. Ýer we diwarlaryň ýüzi kafel bilen örtülen ýagdaýynda ýangyna howpsuz we ýuwmaklyk aňsat bolar. Ýene-de çig mal we taýýar önüm saklamak üçin, işgärleriň egin-eşik çalyşmasy üçin goşmaça otaglar hem zerurdyr.

Gerekli işgärler bular çörekçi, tehnolog, işçi, hasapçy, arassalaýjydan ybarat. Başda çykdajylary tygşytlamak maksady bilen iki wezipäni bir adama ýüklemek dogry bolar. Meselem çörekçi/tehnolog, işçi/arassalaýjy.

Çörek we çörek önümleriniň önümçiligine bildirilýän tehniki talaplar

Gerekli enjamlar, bir – iki sany peç, hamyr garyjy enjam, elek, bişmedik önümi saklamak üçin şkaf, stollar, galyplar, taýýar önümler üçin tekçeler, terezi, sowadyjy, howalandyrma. Awtoulagyň bolmasy işi tizleşdirer.

Önümi ýerlemek

Önümi az-azdan kiçi göwrümli dükanlardan we marketlerden ýerlemäge başlamak az ýitgi bilen başlamaklyga peýda berer. Soňra naharhanalara, kafe, restoranlara we goşmaça iýmit nokatlaryna ýerläp başlamagy hem meýilleşdirip bilersiňiiz. Başda önümiňizi reklama etmek maksady bilen, köpçülikleýin ýerlerde, bişiren önümiňizden mugt paýlamaklyk zerur çäreleriň biri hasaplanýar. Önümiňize at tapyň bu sizi tiz tanadar.

Çörek we çörek önümleriniň önümçiliginiň töwekgelçiligi

Esasy töwekgelçiliklerden biri – bazardaky dowamly bäsleşik we önümiň saklanma möhletiniň gysgadygy.