Faktoring näme diýmek we nirede ulanylýar 

Faktoring sözi iňlis dilindäki “factor” sözi bilen bir hatarda, “komissioner”, “agent”, “araçy” ýaly manylary hem bardyr. Faktoring amallarynyň üsti bilen köplenç taraplaryň arasyndaky içeri ýa-da daşary söwda amallary maliýeleşdirilýär.

Eýsem-de bu amala kanunçylykda nähili kesgitleme berilýär? Türkmenistanyň Raýat kodeksinde göniden-göni faktoring barada kegitleme berilmese-de, onuň bilen kybapdaş düşünje bolan “talaby başga birine bermek” barada madda bardyr. Kodeksiň 465-nji maddasynda “Kreditor talaby (algyny) özüniň başga bir şertnama baglaşan şahsyna berip biler. Şeýle şertnama baglaşylan pursatyndan beýläk, ilkibaşky kreditor (algydar) öz ornuny täze kreditora berýär” diýip bellenilýär. Has ýönekeý dil bilen aýdylanda siz öz algyňyzy belli bir şertlerde üçünji bir tarapyň haýryna geçireniňizde – talaby başga birine berdigiňiz bolýar.

Halkara tejribede bu amalyň ulanylyşy, indiki tertipde geçýär, ýagny, faktoring amalyna esasan üç tarap gatnaşýar, olar: faktor (faktoring kompaniýasy ýa-da bank), haryt alyjy we haryt satyjy. Baglaşylan şertnama laýyklykda faktor satyn alynan harytlar üçin satyja töleg geçirýär, netijede satyjynyň algysy faktora geçýär. Ol belli bir möhletiň dowamynda algysyny haryt alyjydan alýar. Bärde üç tarap üçin hem bähbit bardyr, alyjy harydyny öz wagtynda alýar, satyjy öz puluny wagtynda alýar, faktor bolsa araçy hökmünde göterim ýa-da ýygym girdeji gazanýar.