Franşiza​

Dünýä belli brendler diňe bir öz önümini hödürlemek bilen çäklenmän, eýsem-de öz brendinden​ we ondan gelip çykýan beýleki artykmaçlyklary peýdalanmaga şertnama esasynda üçünji taraplara hem hukuk berýärler. Muňa françaýzing şertnamasy diýilýär. Bu brendiň eýesi (françaýzer​) üçin hem-de üçünji tarap üçin hem bähbitli bolup bilýär.

Françaýzer​ öz brendini​ we ondan gelip çykýan artykmaçlyklary ulanmaga bereni üçin düýpli maýa goýum amala aşyrmazdan​ täze bazarlara açylýar we üstesine-de franşiza​ berendigi üçin belli bir ýygym ýa-da beýleki görnüşde peýda gazanýar. Françaýzing şertnamasy boýunça brendiň hukuklaryny edinen tarap bolsa mahabatlandyryş ýa-da müşderi çekmek boýunça we şoňa meňzeş bşgada​ goşmaça çykdajylary amala aşyrmazdan​ (brendiň bazarda tanalýandygy​ sebäpli) öz önümlerini dessine ýerlemäge başlaýar.

Adatça brendler, şunuň ýaly hukuklary bermekçi bolanlarynda täze bazarda hödürlenjek önümiň (hyzmatyň) hili hem-de özleşdirilýän bazaryň mümkinçilikleri babatynda ýokary talaplary goýýarlar. Brendiň hukuklaryny edinmek isleýän, ýagny françaýzing şertnamasyny baglaşmak isleýän taraplary düýpli öwrenmäge çalyşýarlar.

Şonuň üçin hem franşiza​ şertnamasyny baglaşmak üçin köplenç halatda telekeçä ozal gazanan tejribelerini, amala aşyran üstünlikli biznes taslamalaryny, maliýe ýagdaýynyň ýeterliklidigini​ görkezmek hem-de ýola goýuljak önümçiligi talaba laýyk alyp barmak üçin zerur tehniki we işçi güýji üpjünçiliginiň bardygyny, bazarda şonuň ýaly önüme talabyň bardygyny tassyklamak zerur bolup biler.

Internet ulgamynda, satlyga çykarylan franşizalar​ barada maglumatlar ýerleşdirilen köp sanly web sahypalar bar.