Antibakterial serişdeleri öndürmek – biznes üçin iň gowy pikir

Häzirki döwürde adamlaryň dürli bakteriýalardan we wiruslardan goranmak üçin, dürli antibakterial serişdeleri ulanmaýany az bolsa gerek. Birnäçe ýyl ozal bu önümler sanlyja görnüşlerden ybarat bolan bolsa, häzirki wagtda olaryň 700-den gowrak görnüşleri bardyr. Bazarlarymyzda bu ugurda her dürli arassalaýjy serişdeler, suwuk we gaty sabynlar, gap-gaç ýuwujylar, el losýonlary we ş.m. kömekçiler peýda boldy. Şeýle hem, Türkmenistanda giň meşhurlyga eýe bolan, ýüzärlik ösümligi barada aýtsak, däneleriniň 16 %-ni ýag tutýan bu ösümligi, köp ýurtlarda sabyn ýasamakda we lak önümlerini öndürmekde ulanýarlar.

Dünýä tejribesinde...

Bu termini esaslandyryjy XVIII asyrda ýaşap geçen fransuz alymy Lui Paster hasaplanýar. Mysal üçin, häzirki wagtda Angliýada azyk saklanýan ammarlarda antibakterial serişdeleri bilen zyýansyzlandyryş işleri geçirilýär, Bostonda antibakterial serişdeler siňdirilen düşekleri, ýassyklary, polotensalary we şypbyklary satyn alyp bilersiňiz.

Önümçilik işi...

Sarp ediş harytlarynyň önümçiligi, öz-özüni tiz ödeýän önümçilikleriň biri hasaplanýar. Şolardan has girdejilisi hökmünde ýuwujy we antibakterial serişdeleriniň önümçiligini mysal getirmek bolar. Oňaýly ýeri hem dürli serişdeleriň önümçiligi üçin şol bir enjamy ulanyp bilersiňiz. Netijede, pul we ýer tygşytlarsyňyz.

Suwuk himiýa önümleriniň önümçiligi barada aýdylanda, çig maly we taýýar önümleri saklamak üçin azyndan 500 m2 meýdan, şeýle hem bolmanda 2 ammar jaýy we güýçli howalandyrma ulgamy zerur bolup durýar. Himiýa bilen baglanyşykly işleri göz öňünde tutup, işgärleri ýörite gorag eşikleri, aýakgaplar, aýratyn otaglar, lukmançylyk kömegi, naharhana bilen üpjün etmek hökmany hasaplanýar.

Önümçilik tehnologiýasy ...

Önümçilik prosesinde uniwersal mikserler, wakuum kameralary, gomogenizirleýji enjamlar, gaplar, tereziler, gaplaýjylar, gaplaýjy liniýalary ulanylýar. Önümi emele getirmek üçin, birmeňzeş massa emele gelýänçä, ingredientler ezilýär we garylýar. Soňra 50 atmosfera basyşa ýetýän otaglarda guradylýar. Otagyň temperatura derejesi 250-den 350 °C çenli barýar. Häzirki döwürde otagda güýçli tozanlanmanyň öňüni almak üçin, pes temperaturaly guradyjy otaglar ulanylýar.

Marketing strategiýasy...

Önümiň hiliniň görkezijileri - olaryň gaplanmasy, howpsuzlygy we netije berijiligindedir. Günbataryň tejribesinde, polietilen we polipropilen ýaly gaplaýyş materiallaryny beýleki polimerler bilen bilelikde ulanýarlar. Sebäbi polimerleriň islenmeýän mikroorganizmlere molekulalar derejesinde “hüjüm etmek” olaryň işjeňligini kesmek ýaly häsiýetleri bar. Bu bolsa önümleriň hiline we howpsuzlygyna gönüden-göni täsir edýär.

Şeýle-hem, seredilmeli ýene bir mesele: önüm suwuk ýa-da gel görnüşindemi; konsitensiýasy we ysy; dozator ýa-da pürküji görnüşindemi; önümiň göwrümi; howpsuzlygy we düzümi; kimlere ulanmaklyk bolýar ýa-da kimlere gadagan bolup durýandygy.

Marketing gözleglerinden ugur alnanda önümiň adyny okamagyň aňsat bolmalydygy, tebigy çeşmelere ýakyn kompozisiýalylygy, ykjamlygy we elýeterliligi möhüm talap bolup durýar.