Işewürlik karty - öziňi tanatmagyň bir usuly

Üstünlikli iş alyp barmagy meýilleşdirýän döwrebap adam, özüni işewir hökminde tanatjak, bizde "wizitnaýa kartoçka" diýilip atlandyrylýan işewürlik kartynyň gerekdigini ýatdan çykarmaly däl.

Işewürlik karty
Işewürlik karty- iş etikasynyň elementlerinden biridir. Onuň kagyz görnüşi ilkinji gezek 1786-njy ýylda Germaniýada ulanylyp başlanýar. Geljekde hyzmatdaş bolmak isleýän adamyňyz tarapyndan, siz barada we edýän işiňiz baradaky maglumat, ýatdan çykarylyp bilner, emma dogry işlenip düzülen işewürlik karty wagtynda oňa berlen bolsa, ykdysady bähbitli gatnaşyklaryň başlamagyna sebäp bolar.

Işewürlik karty - döwrebap tendensiýa hasaplanýan, öndürýän önümiňizi, satýan harydyňyzy ýa-da edýän işiňizi tanatdjak, tizligi we netijeliligi boýunça gysga wagtda effekt berjek çäreleriň biri.
Psihologiýa taýdan seredilse, siziň hyzmatdaşyňyz, işewürlik kartyňyzy okanda, siz bilen ýakyndan işleşmegi meýilleşdirmegi mümkin. Onuň üçin bolsa, kartyň reňki, bezegi, maglumaty we ýazylşy uly orun eýeleýär.

Kartlaryň materiallary we görnüşleri
Ulanylan materialyň hili kartyň, eýesi barada habar berýär. Işewürlik kartyny öndürmek üçin iň gowusy kagyzyň dykyzlygy azyndan 300 g / kw. m. bolany hasaplanýar. Kartda ýazylan maglumatlar öçmeli däl we ýygrylmaly däl. Başgada metal, plastmass ýa-da agaç hem ulanylyp bilner, emma hemme taraplaýyn amatly bolany, ýazgylary folga bilen basylan kartlar hasaplanýar.
Adaty ulanylaýn kartlaryň ululygy 90x50 mm. Kartlar wizitnitsa ýerleşjek ululykda bolmaly. Bularyň ýaýran görnüşleri klassiki görnüşleridir. Olaryň görnüşi bolsa - gönüburçly şekilde etmek iň gowusydyr.

Döwrebap işewir kartlar nahili bolýar
Tehnologiýanyň ösýän döwründe işewir kartlaryň görnüşleri giňeýär. Häzirki wagtda ýörite programmalarda ýasalyp mobil telefonlarda saklap bolýan işewir kartlar döredildi. Maglumaty QR kodyň üsti bilen okatmak üçin adamlar öz aralarynda mobil telefonlaryň kameralary arkaly okaýjylary ulanýarlar. Has hem aňsat bolmasy üçin QR kodyň özini stiker görnüşinde çap edip, şu formady ulanýarlar.

Işewür kartda hökman bolmaly maglumatlar
Kartlarda görkezilmeli maglumatlar hakynda aýtsak; adamyň ady, işleýän kompaniýasynyň ady, eýeleýän wezipesi, telefon maglumatlary (iki belgiden köp bolmaly däldir), salgysy, kompaniýanyň logasy, degişli web saýty, e-poçta salgysyna hem baglanyşyk goýup bilersiňiz.