Inkoterms näme  

Halkara söwda şertnamalarynda köp duşýan “Incoterms” sözüni eşiden bolsaňyz gerek. Dünýäde söwdany ýeňilleşdirmek üçin, Halkara Söwda Palatasy (HSP) resmi taýdan 1936-njy ýyldan bäri “Halkara söwda şertleri” diýlip atlandyrylýan Inkoterms toplumyny neşir edip gelýär. Şu güne çenli, çykan ýyllary bilen bagly, INCOTERMS - 1953, 1967, 1976, 1980, 1990, 2000, 2010 belgili düzgünler çykaryldy.

Häzirki wagtda “INCOTERMS 2010” düzgüni hereket edýär, HSP-nyň habar bermegine görä täze “Incoterms 2020” çykmagyna garaşylýar.

Bütin dünýäde ykrar edilen Inkoterms, alyjylaryň we satyjylaryň borçlaryny aýdyňlaşdyrmak bilen daşary söwda şertnamalarynda düşünşmezlikleriň öňüni alýar.

Inkoterms terminleri

Bu terminler söwdany ýeňilleşdirmek üçin ählumumy düzgünler we görkezmeler toplumydyr. Hat-da dürli ýurtlardaky söwdagärleriň söwda şertlerini kesgitlemek üçin ulanýan dili diýseňem bolýar. Iň köp gabat gelýän inkotermsler;

DAT (iňlisçesi delivered at terminal) satyjy ýüki alyjynyň döwletiniň gümrük terminalyna çenli eltýändigini we şoňa çenli ähli töwekgelçiligi we transport çykdajylary öz üstüne alýandygyny görkezýär. Gümrükden soň ýüküň alyjynyň ammaryna çenli töwekgelçiligi we transport çykdajylary alyjy öz üstüne alýar diýmek.

DDP (delivered duty paid) satyjy şertnamada görkezilen nokada çenli ähli töwekgelçiligi we transport çykdajylaryny öz üstüne alýandygyny görkezýär. Mundan başga-da, satyjy iberilen harytlar üçin eksport we import ýygymlaryny salgytlary bar bolsa ony hem tölemegi boýun alýar.

EXW (ex works) satyjy, ýüki, satyn alyja kesgitlenen nokatdan almak üçin diňe şert döredip berýär. Ähli töwekgelçilik we transport çykdajylary satyn alyjy öz üstüne alýar.

Inkotermsleriň düzümi

2010-njy ýylda “Incoterms ” iki esasy kategoriýasy täzelendi we ulag görnüşleri boýunça toparlara bölündi:

Birinji topar transportlaryň ähli görnüşlerine degişli;

EXW (ex works) ammardan ýa-da zawotdan

FCA (free carrier) eltmesi mugt

CPT (carriage paid to) bellenilen nokada çenli tölenen, ätiýaçlandyrma, ýygymlar, salgytlary alyjy töleýär

CIP (carriage and insurance paid to) ýoly we ätiýaçlandyryş tölegi satyjydan

DAT (delivered at terminal) gümrük terminala çenli satyjynyň boýnuna

DAP (delivered at place) bellenilen nokada gowşurmak, ýygymlar, salgytlary alyjy töleýär

DDP (delivered duty paid) satyjy şertnamada görkezilen nokada çenli ähli töwekgelçiligi we transport çykdajylaryny öz üstüne alýar.

Ikinji topar suwdaky daşaýjylara degişli;

FAS (free alongside ship) satyjy, ýük alyjynyň görkezen portyndaky gämä çenli eltýär ýükläp berýär, eltme we ýükläp berme çykdajylary alyjynyň boýnuna

FOB (free on board) satyjy, ýük alyjynyň görkezen portundaky gämä çenli eltip berýär we eltip berme çykdajylary satyjynyň boýnuna

CFR (cost and freight) ýük, alyjynyň görkezen portuna çenli eltilýär, galan hemme zat alyjynyň boýnuna

CIF (Cost, Insurance and Freight) ýük, alyjynyň görkezen portuna çenli eltilýär we ätiýaçlandyrýar, galan hemme zat alyjynyň boýnuna.

Bu düzgünler daşary ýurt bilen işleşýän söwdagärler üçin örän wajyp hasaplanýar.