Penobeton kerpiçiň önümçilgi - öz biznesiñi ör

Penobetonyň adaty betondan tapawudy düzüminde owunjak howa köpürjikleriniň bolmagydyr, ol beton öndürmek üçin ýasalýan adaty ergine ýörite köpürjik emele getiriji garyndyny goşmak arkaly ýasalýar. Penobeton bloklaryny öndürmeklik – kiçi we orta telekeçilik üçin iň bir düşewüntli we çaltlyk bilen özüni ödeýän iş görnüşleriniň biridir. Başlangyç tapgyrda şäheriň daşyndaky hususy mellek ýerde penobloklary öndürmek üçin, gerekli enjamlaryň hersinden birini alyp 4-5 görnüşli enjamlar bilen başlap bilersiňiz.

Penobeton barada

Penobeton bloklary haýsy tarapdan üstün? Birinji bilen olar beton bloklaryna garanyňda ýeňil. Penobeton bloklar öndürilende sement we çäge az ulanylýar. Penobeton – edil steklowata ýaly bolmasada ýylylygy gowy saklaýar. Ony kesmek ýa-da deşmek hem-de öndürmek aňsat, ýaramlylyk möhleti ýok diýen ýaly. Kem taraplary barada aýdylanda bolsa pytragan we ýygrylmaga ýykgyndygyny bellemek bolar.

Penobloklar dürli ölçeglerdäki kerpiç görnüşinde we monolit plitalar görnüşinde çykarylýar. Penobeton berkligi boýunça tapawutlanýar: D400 we D500 görnüşleri berkligi iň pes görnüşleri bolup ýylylygy saklaýjy diýlip atlandyrylýar we daşky ýylylyk izolýasiýasy üçin ulanylýar. D600-den D900 çenli bolanlary konstruktiw-ýylylyk saklaýjyly hasaplanylýar we içki diwaryň gurluşyk işlerinde ulanylýar. D1000 – konstruksiýa maksatlary üçin bolup, berkligi iň ýokary görnüşidir we esasy (göteriji) diwarlaryň, şol sanda köp gatly jaýlaryň gurluşygynda ulanylýar.

Önümçiligiň guralyşy

Penobeton öndürmek üçin taýýarlanylýan garyndynyň düzümine sement, çäge, suw we köpürjik emele getiriji, ýagny, sabyn görnüşli agaç şepbigi girýär. Bular belli möçberlerde alnyp garyşdyrylýar we beton garyja guýulyp ýagşy garylandan soňra, taýýar garyndy degişli görnüşdäki gaplara salnyp ýa açyk howada ýa-da awtoklaw usuly bilen guradylýar. Penoblok önümçiligi üçin iň zerur enjamlaryň hataryna beton garyjyny, kompressory, köpürjik ýasaýjyny, taýyn bloklary ýasamak üçin niýetlenen ýörite görnüşli gaplary goşmak bolar.

Özüne düşýän gymmaty

30 kub metr möçberinde D600 görnüşli penobeton öndürmek üçin zerur bolan materiallaryň möçberlerini aşakdakylardan ugur alyp hasaplap bileris:

- 9500 kg çemesi sement

- 6500 kg çemesi çäge

- 3500 litr çemesi suw

- 50 litr çemesi köpürjük emele getiriji

Başlangyç tapgyrda önümçiligi iki adam bolup dolandyryp bolýar, emma, şonda-da size penoblok önümçiliginiň inçe taraplaryndan gowy baş çykarýan adamyň maslahaty zerur bolsa gerek.

Marketing

Önümçilige başlamazdan ozal, önümi ýerlemek mümkinçiliklerini gowy öwrenmeli, haýsy görnüşdäki önüme uly isleg bildirilýän görnüşlerini we satyn almaga höwes bildirjek taraplary kesgitlemeli, mahabatlandyryş işlerini geçirmeli.

Penoblok öndürilende birinji goýberilen önümleriň ýaramsyz bolmagy gaty ähtimaldyr, bu bir gorkunç zat däl, ýagny, eliňizdäki çig malyň aýratynlyklary hakyky bolmalysyndan üýtgäp bilýär we soňlugy bilen gitdigiçe bu işde ussatlaşarsyňyz.

Üstünlik arzuw edýäris!