Kofe bazary nähili gurnalan

Photo by Diego Catto on Unsplash

özişim.com//Dünýäde kofe bazarynyň dolanşygy birnäçe milliard ABŞ dollaryna barabar. Kofe dünýäde iň köp satylýan önümleriň biridir. Bu önümi eksport edýän ýurtlar üçin, onuň girdejisi jemi içerki önümiň esasy çeşmesidir. Dünýäde bu pudagyň işine millionlarça adam gatnaşýar. Türkmenistanda kofe sarp edijileriň ýaşy 16 ýaşdan 70 ýaş aralygyndaky sarp edijileri öz içine alýar. Emma biziň ýurdumyzda iň köp sarp edilýän gyzgyn içgilerden esasy - gök çaý hasaplanýar. Şonuň üçin ýurdumyzyň ýaşaýjylaryny köp kofe içýänler däl-de, köp çaý içýänler diýip atlandyryp bolar.

Kofe eksporty we re-eksporty

ICO - Halkara Kofe Guramasynyň maglumatyna laýyklykda 2018 ýylyň iň uly 10 kofe öndürjileri: Braziliýa, Wýetnam, Kolumbiýa, Indoneziýa, Efiopiýa, Gonduras, Hindistan, Uganda, Meksika we Peru ýaly ýurtlar hasaplandy. Gadymdan gelýän däbe görä, kofe bazaryndaky esasy oýunçylar re-eksport edijiler hasaplanýar, ýagny çig maly satyn alyp, gaýtadan işläp taýýar önüm edip satýan ýurtlar. ICO-nyň maglumatlaryna görä, 2020 ýylyň aprel aýy ýagdaýyna re-eksportçy hasaplanýan ýurtlar: Ýewropa Bileleşigi, ABŞ, Şweýsariýa, Russiýa, Ýaponiýa we Norwegiýa.

Kofe söwdasy

Kofe esasan deňiz arkaly daşalýar. Kofe söwdasynda Nýu-York we London şäherleri öňdedirler we dünýäniň esasy fond biržalary şol ýerde ýerleşýär. Nýu-York fond biržasynda kofeniň bahasy ABŞ-nyň dollarynda görkezilýär, bahanyň indeksi C-price ýagny C-baha belgi bilen bellenilen. Önümçilik we satuw hasaplamalar haltalarda ýöredilýär. Haltalar 60 kg / 132 funt we 69 kg / 152 funtlara bölünýär. Uly möçberdäki kofe şertnamalaryň söwdasy üç ýüz töwerek halta sygýan uly ulag konteýnerlerde gaplanyp ýerlenýär. Iň uly kofe ammarlary Londonda, Amsterdamda, Gamburgda, Rotterdamda, Bremen şäherlerinde hasaplanýar.

Önümçilik tehnologiýasy

Senagat derejesinde diňe 2 görnüşli kofe ulanylýar - arabica we robusta, ýöne olaryň dürlüligi kofe degişli ösümlikleriň 90-dan gowrak görnüşine ýetýär. Kofe däneleri 200-250 ° C temperaturada gowrulýar. Bu tapgyrda kofeniň özboluşly ysy we reňki peýda bolýar. Uly kärhanalarda bu amal 6 minutdan köp däl, kiçi kärhanalarda bolsa takmynan 12 minut dowam edýär.

Kofe ýörite wakum gaplamalarda gaplanýar. Bu asyl tagamyny we ysyny saklamaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, aýna gaplar, bankalar we ş.m. giňden ulanylýar.

Söwdasy

Kofe bolan isleg gün saýyn artýar. Esasanam kofeni sargy boýunça eltip berme meşhur bolýar. Umuman, kofe biznesi gaty girdejili iş. Işiňizi açmagyň 2 ýoly bar - özbaşdak ýa-da franşiza esasynda. Enjamlardan gerek bolanlary kofemolka we kofe maşyndyr.

Marketing

ozisim.com saýtynyň bazar gözlegleri, kofe isleginiň durnuklydygyny we ýokarlanma meýliniň bardygyny görkezýär, bu bolsa söwda etmek üçin ideal modeldir. Bu hyzmat bazarda oňyn taraplary hyzmatyň tizligi, ýeňildigi we elýeterli bahalardan ybaratdygy bilen tapawutlanýar.