Bedene guşuny ýetişdirmek - aladasy az bolan önümçilik

Photo by Benjamin Sz-J. on Pixabay

UIy göwrümdäki oba hojalyk taslamasyny maliýeleşdirmäge höwes bildirmeýän emma, kiçeňrägem​ bolsa dowamly girdeji edinmek isleýänler üçin bedene ösdürip ýetişdirmek iň amatly biznes. Bedene guşlary iýmit saýlap durmaýarlar we ýaşaýyş şertlerine aňsat uýgunlaşýarlar​, kesellere garşy çydamly we olaryň ýumurtgalary we eti bolsa towugyňka​ garanyňda has peýdaly.

Biznesiň​ gurnalyşy

Bedenäni hatda öýüň içinde hem saklap bolýar (sanitar-gigiýeniki kadalardan ötri şeýle etmek maslahat berilmeýär). Kiçijik guşçylyk hojalygy üçin bolsa 20 inedördül metr meýdany bolan, ýagşy howalandyryp​ bolýan, emma, duwara şemal geçmeýän jaý (ketek) gerek bolar.

Başlamazdan ozal bu guşlary köpeltmegiň maksadyny kesgitlemeli: bedenäniň etini öndürmelimi​ ýa-da ýumurtgasy üçin saklamaly. Bedenäniň etlek, ýumurtga beregen​ we garyşyk görnüşleri bolýar. Etlek görnüşi bu – «faraon» diýip atlandyrylýan ak tehasly​ görnüşidir, ýumurtga beregen​ görnüşi – ýapon «feniks​» görnüşidir. Garyşyk görnüşine ak iňlis mançjur​ görnüşi degişlidir.

Talaplar

Bedene köpeltmek üçin ýörite inkubatorlary​ satyn almaly ýa-da ony özbaşdak hem ýasap bolýar. Emma hökmany suratda inkubator gerek bolýar, sebäbi, eldekileşen​ bedeneler kürk bolup köpelmeýärler​.

Inkubator ýasamak üçin 20 ýumurtga sygjak kartondan​ ýa-da agaçdan ýasalan gapakly dört burç kiçiräk guty gerek bolar. Düýbüne ýumşajyk zatlary ýazmaly (agaç gyryndysy, saman we ş​.m​.), gabyň içki tarapyna adaty termometr berkitmeli. Soňra gabyň düýbüne ýumurtgalar tegelenmez​ ýaly plastiki ýa-da metaldan ýasalan tor tutmaly. Gabyň gapagyna 40 watda​ işleýän lampa berkitmeli. Gabyň beýikligini sazlamak arkaly inkubatordaky​ howanyň temperaturasyny 37 - 38 derejede saklamaly. Gije-gündiziň dowamynda ýumurtgalary birnäçe gezek togalap çykmaly. Uly guşlaryň ketekleriniň düýbüni belli bir tarapa ýapgak​ bolar ýaly ýasamaly, şunluk bilen ýumurtgalary toplamak aňsat düşer. Suw içilýän gaplaryň düýbi çuň bolmaly däl, esasan hem kiçijik jüýjeler suw içjek bolup demigip bilýär. Iň amatlysy damjaly ýa-da nippel​ görnüşinde suw bermek.

Jüýjeler çen bilen 17-nji gün ýumurtgadan çykmaga başlaýarlar. Olary guranlaryndan​ soňra bruder​ diýlip atlandyrylýan jüýjejikler​ üçin ýörite niýetlenen ketege​ geçirmeli.

Guşlar kesellemez​ ýaly ketekdäki​ howanyň temperaturasyny 22 - 25 derejede saklamaly, gije-gündiziň dowamynda 17 - 20 sagatlap çyra ýanmaly​. Eger-de emeli ýagtylandyryş ýokarda bellenilen wagtdan az ýansa, bedeneler ýalta bolup başlaýarlar we guzlamagyny ​azaldýarlar​, bellenilen wagtdan köp ýansa olar gaharjaň bolup başlaýarlar we urşup birbirine​ zeper ýetirip bilýärler. Guşlaryň saklanylýan jaýyndan duwara şemal geçmeli däl, eger şemallap ​dursa guşlaryň ýelekleri ösüp başlar. Çyglylygyň iň oňaýly derejesi 60 - 70 göterim. Howanyň temperaturasy 16 derejä düşende bedeneler guzlamany​ bes edýärler, 5 derejä düşende bolsa ölýärler. Guşlaryň ketegini​ näçe köp arassalasaňyz​ guşlar şonça-da sagdyn bolýar. Keselleriň öňüni almak maksady bilen käwagtlar olaryň içýän suwuna lewomisetin​ hem goşulýar.

Önümçilik prosesi

Bruderdäki​ temperaturany birinji hepde 35 - 36 derejede saklanmaly, soňky 3 - 4 dört hepdäniň dowamynda temperaturany kem-kemden​ 22 - 24 derejä çenli peseltmeli. Jüýjejiklere​ birinji hepdesinde gaýnadylyp owunjak owradylan towuk ýumurtgasyny bermeli, soňlugy bilen dorog we jüýje iými we owunjak dogralan gök otlar goşulýar. 21-nji günde jüýjelere adaty iým berlip başlanýar. Olara gije gündiziň dowamynda pesinden üç gezek iým berilýär. Çen bilen bir ýa-da bir ýarym aýdan guşlaryň erkekleri we urkaçylary​ ikä aýrylyp aýratyn keteklere ýerleşdirilýär. Has uruşaganlary​ bolsa hökmany suratda aýratynlykda saklanylýar.

Ortaça alanyňda ýylyň dowamynda her mäkiýandan​ 300 - 340 sany ýumurtga alyp bolýar. Ýetişen guşuň agramy 130 - 150 gram bolýar, urkaçylary​ erkeklerinden​ iri​ bolýar. Broýler görnüşleriniň agramy 250 grama çenli ýetýär. Mäkiýänlar​ erkek guşlar bolmasa-da ýumurtga berýärler, emma jüýje almak üçin erkekleri zerur bolup durýar (3 -4 mäkiýana​ biri). Olar 1,5 aýdan başlap 3 ýyla çenli ýumurtga guzlaýarlar​, 3 ýyldan soň ýumurtga berişleri ep-esli azalýar, şonuň üçin hem her ýyl guşlary «täzeläp» durmaly, ýagny, ýaşy ulalanlaryny​ et görnüşinde ýerlemeli​.

Ýetişen guşlary günde 2 - 3 gezek iýmlemeli​, guş başyna çen bilen alanyňda 25 - 30 gram iým bermeli; etlek görnüşlerini günde 4 gezege çenli iýmlemeli​, mundan başga-da olar azrak hereket eder ýaly şert döretmeli: ýagtylandyryş wagtyny gysgaltmaly​ we temperaturany biraz peseltmeli, iýmine​ bolsa belok, balyk ýagyny we mekgejöwen dänelerini goşmaly.

Bedene iýmine​ adatça ýönekeý towuk iými, gök otlar – salat, ýorunja, gök sogan, günebakar çigidi, ýer almanyň gabygy, ýenjilen ýumurtga gabygy, balyk uny, balyk ýagy we hatda buga bişirilen balyk hem girýär. Bedene guşlaryny hiçbir ýagdaýda hem ýer almanyň we pomidoryň ýapraklary ýa-da baldaklary, seldereý, petruşka, çowdary we greçka bilen iýmlemek bolmaýar – bu önümler olary zäherleýärler​.

Görşümiz ýaly, bedene saklamak gaty bir kyn zat däl, ummasyz pul we wagt sarp etmegi talap etmeýär. Elbetde başda tejribe toplanýança​ birazrak «ylgamaly​» bolar, emma çekilen zähmete degýän iş.

Biznesiňizde​ üstünlik arzuw edýäris!