Wençur fondlary ýa-da “biznesiň perişdeleri” diýilýänler kim 

Photo by Jacob Le on Unsplash

özişim.com//Günbatarda uly meşhurlyga eýe bolan maliýeleşdirmegiň çeşmeleriniň biri wençur kapitalydyr. Bu görnüşli maýa goýum işjeňligi bilen meşgullanýan barly adamlara “business angels” ýagny bilşiňiz ýaly biznesiň perişdeleri eger-de ýuridiki tarap bolsa wençur fondlary diýip at berilýär.

Olar köplenç halatda täze biznes ideaýalary maliýeleşdirmek bilen meşgullanýan barly adamlar hasaplanýar. Olaryň bu işi bilen, esasan degişli pudakdan gowy baş çykarýandyklary üçin hatda belli bir derejede hobbi hökmünde garaýandyklary üçin meşgullanýarlar. Emma her nähili bolsa-da, islendik täjir ýaly olar hem maýa goýum işjeňligini haýyr-sahawat üçin däl-de, peýda almak maksady bilen amala aşyrýarlar.

Wençur fondlaryna köplenç halatda, kiçijik kärhanany uly göwrümli biznese öwürmek isleýän taraplar ýüz tutýar. Sebäbi ýüz tutýanlaryň dolanyşyk serişdeleri az we girew üpjünçiligi bolsa pes bolanlygy sebäpli maliýeleşdirmegiň başga çeşmeleri tapmak kyn bolýar.

Wençur fondlary adatça entäk önümçilik tehnologiýasy doly işlenip düzülmedik, emma häsiýeti boýunça soňlugy bilen bütin pudagy üýtgedip gurup biljek we önümçilik proseslerinde düýpli özgerişlikleri döredip biljek emma töwekgelçiligi bolan biznesleri maliýeleşdirýärler.

Wençur fondlaryň ünsüni köp halatda, entäk ösüşiniň başlangyç tapgyryndaky we ýeterlik derejede gyzykly biznes ideýasy bar bolan kärhanalar özüne çekýär. Biznes ideýanyň gyzykly bolmagy diňe bir ideýanyň mazmuny bilen çäklenmän, kärhananyň bazarda tutup biljek orny, müşderileri çekip bilmek ukyby, ýeterlik müşderi binýadynyň bolmagy ýaly beýleki möhüm şertleri hem kanagatlandyrmalydyr. Başgaça aýdanymyzda biznes taslamanyň üstünlikli amala aşjagyna şaýatlyk edýän anyk görkezijiler bilen esaslandyrylmalydyr.

Şonuň üçin hem olara ýüz tutulmazdan ozal girmäge synanyşylýan bazaryň göwrümi, göz öňünde tutulýan müşderi binýady, kärhananyň ösüş meýilnamasy we ukyby, önümiň müşderilerde galdyrjak täsiri we beýleki ýagdaýlar kagyz ýüzüne geçirilmelidir. Başgaça aýdanymyzda “biznes perişdeler” maýa goýmak barada karar kabul edenlerinde, zerur bolup biljek maglumatlary jemläp düşnükli dilde beýan edilmeli.

Wençur fondlar maýa goýumlaryny adatça, geljekde paýnama öwürmek mümkinçiligi bar bolan karz görnüşinde ýa-da göni paýnama satyn almak görnüşinde amala aşyrýarlar.

Dünýäde birnäçe ady belli uly kompaniýalar şunuň ýaly usulda malýeleşdirilendir, muňa mysal hökmünde Amazon, Microsoft, Dell we beýlekileri görkezmek bolar.