Forex – dünýäniň iň iri pul bazary   

özişim.com//Forex - dürli ýurtlaryň pul birlikleriniň alyş- çalyş bazary. Ady FX-market diýilip gysgaldylyp tutulýan bu bazarda, her gün trillionlarça daşary ýurt pul serişdeleri aýlanýar. Forex - sözi iňlis dilinde “daşary alyş-çalyşy” diýmekdir (FOReign EXchange). Bu bazaryň, adamlary bir ýere üýşürýän merkezleşdirilen bir ofisi ýa-da ýer ýok, Forex - banklary, dellallary, maliýe edaralary we aýry-aýry maliýe guramalary internediň üsti bilen birleşdirýän elektron ulgamydyr. Birleşmeklik her dürli kompýuter programmalaryň (platformalaryň) üsti bilen amala aşyrylýar.

Forex bazarynyň göwrümi

Söwda mukdary boýunça iň uly bazarlar London, Nýu-York, Singapur, Tokio, Frankfurt, Gonkong we Sidneý ýaly şäherlerde ýerleşýän maliýe merkezleri hasaplanýar. Halkara hasaplaşyk bankynyň (BIS) habar bermegine görä Forex bazarynyň günlik söwdasynyň mukdary 5 trillion ABŞ dollaryndan geçýär.

Söwdanyň gurnalşy

Bazarda söwdany brokerler ýöredýär, olaryň işi kanunçylyk bilen kadalaşdyrylýar, olar okadylýar we döwlet tarapyndan ygtyýarlandyrylýar. Tejribede diňe döwlet tarapyndan hasaba alynan brokerler ynamdan peýdalanyp bilýärler.

Bazaryň taryhyna seretseň, söwda gatnaşyjylar esasan merkezi banklar, bank edaralary, maliýe guramalar we başgada iri guramalar bilen çäklenýärdi. Emma häzirki wagtda, köp mukdardaky maýa goýum kompaniýalary we brokerler adamlara hasap açyp söwda etmek maksatly öz hyzmatlaryny hödürleýärler.

Forex bazarynda esasy orny elmydama döwletleriň merkezi banklary eýeleýär. Onuň sebäbi hem, olaryň geleşikleri millionlarça daşary ýurt puluna bararbar bolýar. Bazaryň iş tertibi dynç günlerden başga, iş günleri 24 sagat açyk bolýar.

Iň işjeň söwda daşary ýurt pullary Ýewro - EUR , Ýaponiýanyň ýeni - JPY, Iňlis funty – GBP, ABŞ dollary - USD we Şweýsariýa franky – CHF hasaplanýar. Forex bazarynda daşary ýurt pullaryň söwdasy, lotlarda amala aşyrylýar olara mikro, mini we adaty lotlar diýilýär. Mikro lotyň gymmaty 1000, kiçi lotyňky 10 000, adaty lotyňky bolsa 100 000 daşary ýurt pul birliginde hasaplanýar.

Peýda - puly alyp-satmak arkaly, bir pul birliginiň hümmetiň ösmeginden ýa-da pese düşmeginden döreýän aratapawutdan gazanylýar.

Forex bazaryna täsir edýän faktorlar

Forex bazaryna birnäçe faktorlar täsir edýär, olar: banklaryň karz üçin goýan göterim derjeleri, döwletleriň ykdysady ösüşi, döwletleriň inflýasiýasy (puluň hümmetsizlenmegi), syýasy, ykdysady wakalar we tebigy betbagytçylyklar, alyjylaryň daşary ýurt puluna bolan islegi we teklibi, başgada täsir edip biljek habarlar we wakalar.