Plastigi gaýtadan işlemek - ekologiýa we biznes 

Plastiki çüýşeleriň (baklaşkalaryň) tebigatda öz-özünden dargamasy üçin 300 ýyldan 1000 ýyla çenli wagt gerek bolýar. Plastikleri ýakmaklyk bolsa daşky gurşawa zyýan ýetirýär. Plastik çüýşeleri gaýtadan işläp, täzeden ulanyşa goýbermeklik üçin bolsa, siz tarapdan telekeçilik ukybyňyz hem-de az mukdarda maýa goýumyňyz gerek bolýar. Gaýta işlenen plastikden sintetiki süýüm, ýa-da täze plastiki önüm almaklyk mümkinçiligi bar. Sintetiki süýümden bolsa, emeli deriler, kurtkalar we başga-da gündelik durmuşymyzda ulanylýan önümler öndürip bolýar.

Biznesi guramak

Işiňizi telekeçilik işi diýip resmileşdirmegiňiz dogry bolar. Daşky gurşawyň howpsuzlygy bilen bagly goşmaça ýerli kärhanalarda hem hasapda durmagyňyz zerur bolmagy mümkin. Önümçilik ýeri hökmünde şäheriň daş-töweregi oňaýly bolýar. Ilki başda önümçilik üçin çig mal tapmaklyk meselesi ýüze çykýar. Munyň üçin bolsa plastik çüýşeleri kabul edýän nokatlary gurnamak ýa-da ýerli häkimlikler bilen ylalaşyp, ýaşaýyş ýerlerde ýörite plastik çüýşeleri zyňmak üçin gaplar ornaşdyrsaňyz çig maly ýygnamaklyk ýola goýular.

Tehniki talaplar we önümçilik prosesi

Ilki başda çüýşeler reňkleri boýunça saýhallanýar we gaýry zir-zibillerden arassalanýar. Soňra ýörite enjamyň kömegi bilen gapaklary we etiketkalary aýrylýar. Soňra pyçakly blenderden geçirlip owradylýar, yzyndan bolsa gaýnag suwly kotýolda, galan zir-zibiller we etiketkalar aýrylýar. Soňra ýuwujy enjamda ykjam ýuwulyp, sykyjyda sykylýar we guradyjyda guradylýar.

Indi biziň önümimiz gaýtadan ulanyşa taýýar. Gaýtadan işlenen plastikler görnüşi boýunça dürli reňkde übtük – fleks görnüşde bolup, başga önümleri çykarmaga doly taýýar hasaplanýar.

Seljerme

Bu biznes ýokary düşewüntli hasaplanýar. Iş, sowatly alnyp barylan ýagdaýynda iki ýylyň dowamynda özüni ödeýär. Siziň esasy müşderileriňiz durmuş we senagat plastik önümlerini öndürýän zawodlar we gaýry öndürijilerdir. Daşary ýurtlara eksport etmek üçin goşmaça ýol-ýodalary hem pikirlenip bilersiňiz, çünki bu önüm daşary ýurtda uly islegden peýdalanýar.

Ilkinji maýa goýum:

Plastiki çüýşeleri gaýtadan işlemek üçin enjamlara;

Önümçilik üçin zerur bolan gurallara.

Her aýdaky boljak çykdajy we girdeji çeşmelere seredeliň:

Çykdajylar

  • Ýeriň kärende çykdajysy;

  • Çig mallaryň çykdajysy;

  • Işgärleriň zähmet haky;

  • Kommunal tölegler.

Girdejiler

  • Übtük – fleks görnüşli plastik owuntuklarynyň satuwyndan.