Geljegiň hünärleri ýa-da geljekde kim bolmaly

Photo by Turkmenportal.com

özişim.com//Adam belli bir ýaşa ýetenden soň, haýsydyr bir ugur boýunça okuwy we özüniň hünärini saýlamak pursaty gelýär. Geljek bilen bagly bolan käri saýlamakda, haýsy hünärler islegden peýdalanjakdygy babatynda gysgaça durup geçmegi makul bildik.

Ýitip barýan hünärler

Tehnologiki ösüşiň netijesinde, ykdysadyýetiň sanlaşdyrylmagy, pudaklaryň awtomatlaşdyrylmagy bilen köp hünärler zähmet bazaryndan çykarylýar. Mysal üçin, Türkmenistanda bankomatlaryň peýda bolmagy we POS töleg terminallarynyň girizilmegi bilen kassir hünäri ýuwaşlyk bilen ähmiýetini ýitirýär. Esasanam köp hünärler önümçiliklerden ýitýär, onuň sebebi hem olaryň robotlaşmagy hem-de adamlaryň ornuny tutmagy.

Häzirki wagtda

Häzirki wagtda halkara zähmet bazarynda programmistler, uly göwrümli maglumatlary seljermek boýunça hünärmenler, robot inženerleri, awtomatlaşdyryş hünärmenleri, nanoinženerler, kiberhowpsuzlyk boýunça hünärmenler ýetmezçilik edýärler. Şeýle hem inženerleriň klassiki hünärleri - energetik, mehanik, gurluşykçy, konstruktor we şuňa meňzeşler öz aktuallygyny entekler saklar.

Geljegiň hünärmenleri

Hünärleriň hemmesi gowy hasaplanýar – emma adamyň döwür bilen aýakdaş bolmalydygyny ýatdan çykarmalyň.

Indi, hünär saýlananda, geljekde onuň zerurlygyna üns bermeli, mysal üçin: Lukmançylyk ugrundan emeli beden agzalaryny we organlaryny döretmek boýunça hünärmenler, genetiki inženerler we lukmançylyk robotlarynyň operatorlaryna hökman isleg bildiriler.

Oba hojalygynda, az meýdanly ýerlerde topraksyz usullary ulanyp gök-önüm ýetişdirmek üçin dürli tehnologiýalary ulanjak agronomlar we adamsyz oba hojalyk enjamlarynyň operatorlary gerekli kärleriň biri bolar.

Geljekde daşky gurşawy goramak boýunça, esasanam howanyň hapalanmagynyň öňüni alyp biljek we zirzibilleri gaýtadan işlemek boýunça bilermen inženerlere iň köp isleg bildiriler.

Adam başarnyklary bilen berk baglanyşykly bolany üçin marketolog - hemişe islegden peýdalanjak kär bolar.

Robototehnikada - adamzada kömek etjek we bütin ömrüne ýoldaş boljak - çagalar, garrylar we syrkawlar üçin robot dörediji hünärmenler uly islegden peýdalanarlar.

Jemläp aýtsak, hünäri saýlap alandan soň hem, saklanmaly däl, ösmeli sebäbi şu günki gün şony talap edýär. Adam ýeten ýerinde durmaly dälde, diňe öňe ýöremeli.