Dollaryň bütin dünýä pul birligine öwrülişiniň gysgaça taryhy 

Photo Federal Rezerw Ulgamy (ABŞ-nyň Merkezi banky)

“Dollar” sözi ýewropada orta asyrlarda ulanylan “taler” (kümüş pul birliginiň ady) sözünden gelip çykýar. Wagtyň geçmegi bilen ol iňlis diline “dollar” şeklinde ulanylmaga başlanýar. Dollaryň ählimize mälim bolan $ nyşany, ilkinji gezek amerikaly işewürler tarapyndan ulanylmaga başlanýar, ýagny, Amerikada entäk özbaşdak pul birligi ýok mahaly söwda amallary ispan pul birligi pesoda ýa-da britan funt-sterlingde amala aşyrylardy. Hasap-hesip ýazgylarynda “Peso” sözi “PS” görnüşinde gysgaldylyp, soňabaka P harpynyň ýaý görnüşli çyzygy ýitip, dik çyzygyny S harpynyň ortasyndan çyzmak adata öwrülýär. Amerika garaşsyzlygyny alanyndan soňra bolsa milli pul birliginde hem bu nyşan ulanylmaga başlanylýar.

ABŞ-da 1860-njy ýyllarda bolup geçen graždan urşundan soň kagyz görnüşindäki dollarlaryň erkin görnüşde kümüşe we altyna alyş-çalyşy ýola goýulýar, 1900-njy ýyldan başlap bolsa diňe altyn bilen alyş-çalyş edilmäge başlanýar. Başgaça aýdanymyzda muňa altyn standarty hem diýilýär. Emma dollaryň häzirki dollar derejesine ýetmek üçin entek köp ýol geçmelidi.

1914-1918-nji ýyllardaky Birinji Jahan urşy beýleki ýewropa ýurtlary bilen bilelikde, Beýik Britaniýany hem şol wagtlaryň iň ýörgünli pul birligi bolan funt-sterlingiň altyn standartyny ýatyrmaga mejbur edýär. ABŞ-da şol mahal hereket edýän altyn standarty dollaryň abraýyny galdyrýar we ýewropa ýurtlary ABŞ-dan uly möçberlerde karz almaga başlaýarlar. 1941-1944-nji ýyllardaky Ikinji Jahan urşunyň başlamagy bilen, ABŞ ýerýüzüniň ähli döwletlerini diýen ýaly karzlaşdyryp başlaýar we halkara pul birligi hökmünde ýerini has hem berkidýär.

1944-nji ýyldaky Bretton-Wuds ylalaşygy boýunça ABŞ dollary bütindünýä boýunça esasy rezerw pul birligi hökmünde ykrar edilýär we onuň gymmaty gyzyla berkidilýär, ýagny, ABŞ-nyň 35 dollary 1 unsiýa (31 gramm) gyzyla deňleşdirilýär. Bu diýmek, kimiň elinde 35 dollary bar bolsa, islese ony 1 unsiýa gyzyla çalşyp biljekdi. Beýleki ýurtlar bolsa öz gezeginde milli pul birliklerini dollara berkitmäge başlaýarlar.

ABŞ, 1955-1975ýý. dollaryň emissiýasyny (pul çykarylyşyny) artdyryp, puluny köpeldip başlaýar, netijede daşary ýurt döwletleri dollaryň bahasynyň pese gaçmagyndan gorkup Amerikadan öz dollarlaryny altyna öwrüp bermegi talap edip başlaýarlar. Bu bolsa 1970-nji ýyllaryň başlaryna Bretton-Wuds ulgamynyň çökmegine ýol açýar.

Dollaryň altyn standarty (altyna berkidilmegi) ýatyrylanyndan bäri 50 ýyl çemesi wagt geçen hem bolsa, ABŞ dollaryna bolan talap bütin dünýäde häzire çenli pese gaçman gelýär. Halkara Pul gaznasynyň maglumatlaryna laýyklykda dünýädäki ähli döwletleriň ätiýaçlyk pul gaznalarynyň jeminiň 70 göterimi ABŞ dollarynda saklanylýar. Ýörgünlilik boýunça ikinji ýerde durýan ýewro bolsa şol rezerwleriň diňe 20 göterim töweregini tutýar. Amerikan hökümetiniň maglumatlaryna laýyklykda häzirki wagtda dünýä ykdysadyýetinde 1,91 trillion ABŞ dollary dolanýar.