Pizzanyň doňdurylan görnüşini öndürmek - öz markaňy döret

Photo by skeeze on Pixabay

Türkmenistanda adamlaryň tiz tagamlara bolan islegleri barha artýar, sebäbi bişirmesi aňsat, tiz we elýeter, muňa mysal hökmünde bazarda ýaýbaňlaşan doňdurylan börek, manty we beýleki ýarym fabrikat önümleriniň köpelmegini mysal getirmek bolar. Bu iýmit önümleri azyk bazarynda gitdigiçe mäkäm orny eýeleýär. Hödürlenýän pikir, ýarym fabrikat azyk önümleri bazaryna entek doly girmedik, ýagny, doňdurylan pizza öndürmek barada bolar.

Türkmenistanda sarp edilýän pizzalar

Biziň ýurdumyzda pizzanyň «Margarita», şöhlatly we (ýa-da) büzmeli pizza, üwelen etli, towukly pizza, kömelekli we assorti görnüşleri has uly islegden peýdalanýar. Isleglerden ugur almak, öndürjek önümleriňiziň görnüşlerini kesgitlemek ilkinji soraglardan biri.

Doňdurylan pizza nähili öndürilýär

Pizzanyň hamyryny taýýarlamagyň iki usulynyň bardygyny belläp geçeliň, ýagny, adaty iltalýan usuly – ýuka petirli we amerikan usuly – galyň petirli.

Doňdurylan pizzany öndürmeklik hökmany suratda şu tapgyrlary öz içine alýar:

-hamyr ýugurmak

-hamyr ýaýmak (awtomatizirlenen görnüşde ýa-da el güýji bilen)

-pizzanyň hamyryny bişirmek (awtomatizirlenen görnüşde ýa-da el güýji bilen)

-taýýarlanan petiriň üstüne hurşuny (et, kömelek, peýnir we beýlekiler) ýazmak (topping)

-dessine (birden) doňdurmak

-gaplamak

Bu ýerde dessine (tiz) doňduryş usulyny ulanmak örän möhümdir, sebäbi ol hurşdaky çyglylygyň uçup gitmeginiň hem-de petire siňmeginiň öňüni alýar we şeýlelik bilen taýýar önümiň tagamyny we organoleptiki aýratynlyklaryny gorap saklamaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, dessine (şokly) doňduryş usuly ulanylyp doňdurylan önümleriň ýaramlylyk möhleti has uzak bolýar.

Gaplamagyň iň ýönekeý we elýeterli usuly – diametrine baglylykda birden bäşe çenli pizzany gaplap bolýan üç tarapy ýapyk sellofan paketlerdir. Mundan başga-da, wakuumly gaplaýyş usuly we stretç pýonkalaryny ulanmak arkaly gaplaýyş usuly hem bar.

Önümçiligi guramak

Doňdurylan (ýarym bişirilen) pizzanyň taýýarlanylyşy köpçülikleýin iýmit nokatlarynda gyzgynlygyna berilýän adaty pizzadan biraz tapawutlanýar. Birinji bilen, biraz başgarak enjamlar ulanylýar. Pizzanyň hamyry ýasalan mahaly, ýöriteleşdirilen hamyr kesiji enjamda hurşuň çyglylygy geçmez ýaly petiriň daşynda ýuka we ýylmanak gatlak hem emele getirilýär. Elbetde, hamyry deň böleklere bölüp kesmekligi we ýeňiljek bişirmekligi enjam ulanmazdan hem amala aşyryp bolýar, emma, bu ýagdaý önümçiligiň depginini ep-esli peseldýär.

Önümçilik sehini enjamlaşdyrmak üçin meýdany 100 inedördül metrden az bolmadyk ähli zerur kommunikasiýalar bilen üpjün edilen desga zerur bolup durýar. Gerekli enjamlaryň hatarynda şular bar: hamyr garyjy, gök önümlerini dograýjy enjam, terezi, hurşluk üçin zerur bolan önümleri saklamaga niýetlenen plastik gap, sowadyjy kameralar, dessine (şokly) doňdurmak funksiýasy bar bolan sowadyjy, gaplaýjy stanok, peç ýa-da gyzgyn ýörite gysgyç.

Kiçeňräk seh gurnalan ýagdaýynda işçi güýji ep-esli tygşytlanyp birnäçe işgär bilen hem oňup bolýar. Olar: birinji bilen pizza taýýarlamaga ussat baş aşpez, huruş taýýarlamaga (elde ýa-da awtomatiki usulda) gatnaşjak kömekçi(ler), gaplaýjy awtomatda bir işgär, tam süpüriji, hasapçy (eger-de siz kärhanaňyzyň maliýe hasabatyny özbaşdak alyp baryp bilýän bolsaňyz onda hasapçy zerur däl).

Önümçilik üçin desga saýlanan mahaly sanitariýa we ​epidemiologiýa kadalaryny berjaý etmek mümkinçiligine, gyzgyn we sowuk suw üpjünçiligine, lagym ulgamynyň bar bolmagyna, howalandyryş we ýangyn howpsuzlyk ulgamlaryna üns bermeli. Mundan başga hem, desganyň diwarlaryny kafel ýa beýleki ýylmanak daş bilen örtmek ýa-da boýag bilen reňklemek zerurdyr. Hususy telekeçi hökmünde hasaba durmak üçin zerur bolan resminamalary önümçilige başlamazdan ozal taýýar etmeli.

Taýýar önümi ýerlemäge ýardam berjek amallar öňünden kesgitlenilmeli ýagny marketing, meselem; ýatda galar ýaly at tapmak we özboluşly logotipli gaplara gaplamak bolup biler.