Networking​ - bir gören tanyş, iki gören garyndaş

Photo by Product School on Unsplash

Networking - bu tanyşlyk açmagyň, olar bilen gatnaşygy saklamagyň usuly. Tejribe, tanyşlaryň topary näçe giň bolsa, ösmek we  işewürligiňi​ giňeltmek mümkinçiligi şonçada artýandygyny görkezýär.

Bu usuly durmuşa girizmek üçin käbir düzgünleri berjaý etmek zerur hasaplanýar: işewir kartyňy​ elmydama ýanyňda götermek, ýagdaýy bolan badyna potensial müşderiler bilen tanyşmak, onuň bilen  ýüzbe​ – ýüz habarlaşmak, diňlemäni​ başarmak we özüňi ýakymly alyp barmak maslahat berilýär.

Networkingiň​ görnüşleri

Aragatnaşygy gurmagyň 3 görnüşi bar: Pozitiw networking​ - gatnaşygy geljekde ösdürmek maksady bilen gurnalýar. Negatiw networking​ - bazar gatnaşyklary şertlerinde işleýän, özara peýda görmek maksatly gurnalýar. Garylan networking​ - negatiw networking​ ýaly, tapawudy “senden köpräk gidýär" .

Networking​ köp zady çözýär

Öz işiňi üstünlikli gurmagyň we inwestirlemegiň​ esasy usuly, öz wagtynda, gerek ýerinde, gerekli adamlar bilen aragatnaşykda bolmakdan ybarat. Networking​ – bu ýerlikli gürlemek, soragy dogry bermek, söhbetdeşiňi açylar ýaly etmek, talap edilýän edep düzgünleri berjaý edip bilmek ukybydyr.

Oflaýn networking​

Oflaýn​ networkingiň​ nusgawy mysaly hökmünde, ýöriteleşdirilen platformalarda, sergilerde, konferensiýalarda​, ýarmarkalarda​ bolýan tanyşlyklar girýär. Bu ýerlerde gerekli adamlar bilen aragatnaşyk gurmak ähtimallygy ýokary bolýar hem-de oflaýn networkingiň​ hataryna girýär.

Onlaýn networking​

Wirtual giňişlikde aragatnaşyklar mümkin boldugyça çalt ýola goýulýar. Munuň üçin elmydama öz profiliňizi​ barlap we täzeläp durmaly, ýagny onlaýn bolmaly, bu bolsa siziň jogapkär NetWorker​ – tor adamsydygyňyzy​ subut edýär. Häzirki wagtda dünýäde wirtual  işewirligiň​ arasynda iň tanymal bolan saýtlardan biri  LinkedIn​ hasaplanýar.

Günbatar ýurtlarynyň tejribesinde, gysga wagtyň içinde köp sanly adam bilen duşuşyp boljak networkingiň​ meşhur ulgam usullary bar, mysal: Gepleşikleri geçirmek üçin meýdançalar bilen üpjün edilen “Technological​ lounge” platformasy. Çäräniň öň ýanynda taraplary restorana çagyryp tanyşdyrmak formatynda geçýän “Preparty”​ . “For groups” bu formatda, taraplara restoranyň ýerine tebigatda piknik​ hödürlenýär.

Türkmenistanda adamlaryň arasynda professional we işewirlik​ tanyşlygy giňeltmek maksady bilen, menzilara iş hödürleýänlere​ özlerini tanyşdyrmak üçin özişim.com hem www.ozisim​.com​ web saýtynda frilans​ sahypasyny açdy.

Her niçigem bolsa, janly aragatnaşykda bolmak, wirtual aragatnaşykdan​ has täsirli hasaplanýar.