Töwekgelçiliksiz biznes – biznes kouçlyk

Photo by Melk Hagelslag on Pixabay

Häzirki döwürde esasan hem maglumat tehnologiýalarynyň ösmegi bilen ylym we bilimiň ýaýraýşy tizleşdi​ diýip bileris. Meselem, irki wagtlar bir kitaby köpeltmek üçin ony ýeke-ýekeden el bilen ýazyp göçürip çykmak zerur bolan bolsa, indi dyrnak ýaly ululykdaky maglumat göterijilere birnäçe müň kitap sygdyrsak​ bolýar. Emma şeýle-de bolsa, degişli maglumatlary tälimçiden, ussatdan, mugallymdan ýa-da häzirki zaman dili bilen aýdanymyzda mentordan​ öwrenmäge isleg bildirýänler az däl.

Tejribäň bolsa paýlaş we gazan

Infobiznes​, ýa-da başgaça aýdanymyzda öz öwrenen (edinen) ylymyňy​, bilimiňi, ussatlaşan​ ugruň​ boýunça edinen tejribäňi dürli görnüşlerde başgalara ýerlemek iň bir girdejili ugurlaryň biri hasaplanylýar. Iňlis dilinde "coaching​" ýagny tälimçilik diýlip terjime edilýän bu ugur, daşary ýurtlarda öz başyna onlarça million ABŞ dollarynda dolanyşygy bolan bir bazar. Ýagny telekeçilik işi boýunça tälim bermek hem infobiznesiň​ bir ugry diýip ykrar etmek bolar. Adatça bilim tejribe bilen birleşende​ has güýçli häsiýete eýe bolýar. Eger durmuş tejribäňiz ýetik bolsa we edýän işiňizden gowy baş çykarýan bolsaňyz, onda näme üçin öz gazananlaryňyzy​ başgalara ýerlemeli​ däl?

Daşary ýurt tejribesine seredenimizde biznes kouçlykdan​ ýa-da durmuş tälimçiliginden baýap giden birnäçe adamlary mysal getirsek bolar. Bularyň arasynda E​.Robbins​ ýaly tanymallary hem, känbir tanalmaýanlary​ hem kän.

Bu iş üçin başdaky maýa goýum gerek däl

Biznes kouçlygy​ ýa-da biznes tälimçiligi iň bir çykdajysyz​ önümçiligiň hataryna goşsak bolar. Munuň taraplaryň ählisi üçin hem bähbitli taraplary bar. Eger siziň maslahatyňyzyň ýa-da sapaklaryňyzyň​ netijesinde kimdir biri üstünlik gazansa bu hemmeler üçin bähbitli bolup durýar. Siz bolsa öz gezeginde goşmaça girdeji çeşmesine eýe bolarsyňyz we durmuşda adamlaryň ýaşaýşyna hem peýdaly goşant goşarsyňyz​.

Elbetde biznes kouçlyk​ üçin durmuşda belli bir üstünlige ýeten bolmagyňyz, maliýe sowatlylyk derejäňiziň​ ýokary bolmagy we durmuş tejribäňiziň uly bolmagy diňleýjileriň ünsüni çekmekde ýardam berer. Sebäbi telekeçilik işinde üstünlik gazanmak barada sapak bermek üçin dürli ugurlar boýunça dürli soraglardan baş alyp çykmagyňyz zerurdyr.