Günebakar ýetişdirmek - uniwersal önüm

Photo by Konevi on Pixabay

Günebakar giňden ýaýran ekinleriň biri. Günebakar yssa çydamly, suwy gowy görýän, umuman yzygiderli idegi talap etmeýän ekinlerdendir. Adyndan belli bolşy ýaly, bu ösümlik güne örän garaşly, gün şöhlesi azlyk edip başlan dessine keselläp başlaýar, diýmek gowy tarapy Türkmenistanyň howa şertlerinde bu ösümligi ýetişdirip biznes gurnamak mümkinçiligi bar. Günebakar ýetişdirmek düşewüntli biznesleriň biri hasaplanýar, günebakar çigidinden ösümlik ýagy, halwa we başga-da her dürli konditer önümlerinde ulanýarlar.

Günebakar ýetişdirmegiň aýratynlyklary

Eger yhlas etseňiz günebakar ýetişdirip ondan bol hasyl almaklyk kyn däl. Ol çägesow, şykga, goňras topraklary halaýar, ýöne günebakary çägede, duzly toprakda ekmäge synanyşmaklyk işiňizi puja çykarar. Ýaňy gögeren günebakarlar -6 gradus doňaklyga çenli çydamly, biziň ýurdumyzyň howa şertleri üçin gaty bir gorkunç mesele däl.

Günebakary ekmegiň tehnologiýasy

Günebakary bahar aýlarynda, topragyň derejesi 10 gradusdan ýokary, howanyň derejesi bolsa 25 -27 gradusa baranda ekmeklik maslahat berilýär. Ekilende 2 -3 sany tohumdan 7 sm bolan çukurjyga ekilip çykylýar. Çukurjyklaryň arasy 20 sm az bolmaly däl. Edilmezinden ozal tohum mör - möjeklerden arassalanmaly we içinden göwrümlileri saýlanmaly . Ekmek üçin taýýar tohumlar bar ýa-da özüňiz hem taýýarlap bilersiňiz. Munuň üçin ter sarymsagy üwemeli, kelle soganyň gabygy bilen garyp üstüne gaýnan suwy goýmaly we bir gije garaşmaly. Soňra süzüp alnan suwda günebakaryň tohumyny 12 sagat saklamaly.

Günebakar suwy gowy görýär, ýerden çykyp başlan badyna suwaryp başlamaly yssy boldugyça bolsa ýeriň guraýşyna garap, bir gije gündiziň dowamynda 3-4 gezek suwarmaly bolýar. Aşa köp suwarmak maslahat berilmeýär.

Eger günebakary uly göwrümli senagatlaşan ýagdaýynda ekip hasyl almak isleýän bolsaňyz, fosfor-kaliý görnüşindäki dökünleri ulanyň, azot dökünlerini ulanmak maslahat berilmeýär.

Günebakar ekmegiň töwekgelçilikleri

Beýleki ösümlikler ýaly, günebakarlar hem keselläp bilýär. Ak zeň, nem we posluk günebakarlarda köplenç gabat gelýän keseller. Mör - möjeklerden arassalamak üçin ýygy-ýygydan ekinde profilaktiki işleri hem geçirip durmaly. Guşlardan goranmak üçin bolsa islendik usuly ulanyp bilersiňiz.

Günebakaryň hasylyny ýygnamak

Hasyl ýetişdigiçe günebakaryň kellesi aşaklygyna gaýdýar, gülleri bolsa gurap dökülip başlaýar. Soňra günebakaryň “telpejikleri ” kesilip içindäki çigidi çykarylyp gury matanyň üstüne serilýär. Çigitler gurandan soňra howa geçirýän haltalara salnyp goýulýar. Polietilen haltalara salmak maslahat berilmeýär.

Netijede, günebakary biznes maksatly ýa-da özüňiz üçin ýetişdirmek ondan hasyl almak kyn iş däl, edilmeli işleri wagtynda ýerine ýetirseňiz, mör -möjeklerden gorap bilseňiz suwuny ýetirseňiz işiňiz ugrugar.