Pomidor söwdasy - dolanyşygy milliartdan geçýär

Photo by www.turkmenistan.gov.tm

özişim.com// Pomidoryň ilkinji çykan ýeri Günorta Amerika hasaplanýar. Soň Ýewropa, Aziýa we bütin dünýä ýaýraýar. Pomidor iň köp ýaýran gök önümlerden biridir. Onuň takmynan 7500 görnüşi bolýar. Türkmenistanda soňky ýyllarda ýyladyşhana pudagynyň ösüş depgini sebäpli, pomidorlaryň eksporty artdy.

Dünýäde pomidory eksport edijiler

“World Top Export” analitiki web sahypasynyň maglumatlaryna görä, 2019-njy ýylda, dünýäde eksport ediji esasy ýurtlar Meksika, Gollandiýa, Ispaniýa, Marokko, Türkiýe, Fransiýa, Kanada, Belgiýa ...we ş.m. 100 ýurduň içinde Türkmenistan 27 ýeri eýeleýär, eksportuň möçberi 22.353 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Dünýäde eksportuň jemi möçberi 9 milliard ABŞ dollaryndan ybarat. Ýurtda öndürilýän pomidorlaryň bahasynyň we hiliniň, daşary ýurtly öndürijileriňkiden pes däldigi sebäpli, Türkmenistan gitdigiçe eksport mümkinçiligini artdyryp biler.

Ýewropanyň pomidor bazary

Pomidor, Ýewropa ýurtlarynyň hemmesinde diýen ýaly iň meşhur önümdir, Angliýada käşir has meşhur hasaplanýar. Ýurtlaryň birnäçesi pomidory bir bada eksport we import edýärler. Pomidor bazarynda baha syýasaty beýleki gök önümler bilen deňeşdirilende hemişe durnukly bolýar. Baha diňe harytlaryň gelip çykyşyna görä üýtgäp bilýär. Önümi sertifikatlaşdyrmak barada aýdylanda, Ýewropa köplenç önümiň ekologiki tarapyna agram berýär.

Logistika

Eksport edilende pomidor 10-12 kg gutulara gaplanýar. Daşamakda önümiň arassaçylyk, temperatura, saklaýyş we ýerleşdiriliş düzgünleri berjaý edilende transportuň ähli görnüşi ulanylyp biliner. Öndüriji, agramy, gaplanyş senesini, gutarýan senesini we ş.m. maglumatlary görkezip bellik edilmelidir. Pomidorlary saklamak üçin iň amatly şertler, howanyň ortaça çyglylygy 80% bolan +12-den +15 derejelere çenli hasaplanýar.

Pomidor iň köp sarp ediji ýurtlar - importýorlar

World Top Export maglumatyna laýyklykda, 2019-njy ýylda dünýäde pomidor üçin takmynan 8,86 milliard ABŞ dollary satyn almak üçin tölendi. Import eden ilkinji on ýurda girenler:

ABŞ - 2,4 milliard dollar, importyň umumy paýy 27,3 göterim boldy

Germaniýa - 1,4 milliard, 15,8%

Fransiýa - 704,4 million, 7,9%

Angliýa - 646,5 million, 7,3%

Russiýa - 636,7 million, 7,2%

Gollandiýa - 320,6 million 3,6%

Kanada - 305,6 million 3,4%

Polşa - 244,8 million 2,8%

Italiýa - 174,2 million 2%

Ispaniýa - 173,7 million 2%

Sanawda 100 ýurt bar.