Maliýe bazaryndaky "öküzler" we "aýylar" kim

Surat: Frankfurtdaky fond biržasynyň öňündäki "Bazardaky Aýy we öküz söweşi" heýkeli

Ykdysadyýet we maliýe bilen gyzyklanýan bolsaňyz, "öküzlere" we "aýylara" duş bolan bolsaňyz gerek, elbetde hakyky bolanlara däl. Bazar ykdysadyýetinde, maliýe bazarlarda şol sanda; gymmatly kagyzlaryň, daşary ýurt pulunyň, gozgalmaýan emlägiň, haryt we çig mallaryň alnyp-satylýan bazarlaryň ýagdaýyny beýan etmek üçin “bull market” - "öküz bazary" we “bear market” - "aýy bazary" ýaly düşünjeler ulanylýar. Bazarda öküz we aýy biri-biri bilen garşydaş bolýar.

Öküz bazary

Öküz bazary - bazaryň ýagdaýyny oňyn nukdaýnazardan suratlandyrýan manyny berýän düşünje. Manysy, hamala öküz şahlary bilen bahalary ýokarlandyrýan ýaly suratlandyrylýar. Bu düşünje uzak wagtyň dowamynda gozgalmaýan emläklere, daşary ýurt puluna, haryt we çig mallara we ş.m bahalaryň yzygiderli ýokarlanýandygyny aňladýar. Bazarda alyjylar satyjylardan has köp bolýar.

Bazaryň esasy görkezijileri jemi içerki önümiň, işsizligiň pese düşmegi hasaplanýar. Hünärmenleriň pikiriçe, bu döwür ortaça 7-9 ýyl dowam edýär.

Aýy bazary

Aýy bazary - bazaryň ýagdaýyny negatiw nukdaýnazardan suratlandyrýan manyny berýän düşünje. Manysy, hamala aýy öň penjeleri bilen bahalary urup arzanladýan ýaly suratlandyrylýar. Bazaryň esasy görkezijileri ady agzalan harytlaryň bahalarynyň arzanlamagy we işsizligiň ýokarlanmagy bolýar. Bazarda alyjylar satyjylardan az bolýar. Köp ýagdaýda bu bazaryň möhleti gysga hem bolup bilýär.

Öküzler we aýylar

Maliýe bazarlarynda bu goşatoýnaklylaryň atlary bilen treýderleri (söwdägärleri) atlandyrýarlar, ýagny gymmatly kagyzlary, daşary ýurt puluny, gozgalmaýan emlägi, haryt we çig mallary we ş.m alyp satýanlara öküzler we aýylar hem diýilýär. Öňki makalamyzyň mysalynda "Forex" daşary ýurt pulunyň wirtual söwda platformasyna "aýy bazary" hem diýilýär. Onuň sebäbi hem ýerine ýetirilýän amallaryň we bahalaryň üýtgemeginiň çylşyrymly bolany üçin. Mysal üçin, walýutanyň bahasy aşak düşen pursatynda aýylar ony derrew satyn alýarlar. Öküzler bolsa, yzygidederli satyn alagan bolup, bahany ýokarlandyrýarlar we ösüşiň yşaratyny berýärler.

Bazar we sungat

Bu haýwanlar bazarda şeýle möhüm orny eýelediler welin, hatda olaryň hormatyna heýkeller dikildi. Nýu-Ýork biržasynyň öňünde "Hüjüm edýän öküz", Frankfurt we Şanhaý biržalarynyň öňünde "Bazardaky Aýy we öküz söweşi" atly heýkeller ýer aldy.