Organiki dökünleriň önümçiligi

Photo by özişim.com

Bu gezek biz size organiki dökünleri öndürmek boýunça biznes ideýany​ hödürleýäris. Bu makaladaky maglumatlar, size bu biznes barada düşünje berer diýen umydymyz bar.

Organiki dökün näme​ – bu ösümlikleri iýmitlendirmek üçin, düzümi birleşen organiki elementlerden​ ybarat bolan dökün. Organiki dökünler, topragyň düzümini peýdaly bakteriýalar we mikroorganizmler bilen üpjün edýärler hem-de ösümlikleriň ösüşine we hasyllygyna peýda berýärler.

Organiki dökünleri barada

Türkmenistanda ekologiki taýdan arassa şertlerde ýetişdirilen azyk önümlerine isleg barha artýandygy sebäpli, organiki dökünleri öndürmeklik, oba hojalygynda gelejegi bar bolan ugurlaryň biridir. Organiki dökünler haýwanlaryň dersinden ýa-da çüýrän ösümliklerden we miwelerden öndürilýär. Dökünler oba hojalygynyň we azyk senagatynyň önümlerini ýetişdirmekde ulanýarlar. Eger-de siz bu ugurda kämilleşmek we türkmen bazarynda brend bolmak isleýän bolsaňyz, onda öz ýazga duran etrabyňyz​ boýunça salgyt bölüminde hasaba durmagyňyzy hem-de oba hojalygy ugry boýunça patent resmileşdirmegiňizi​ maslahat berýäris. Organiki dökünleri barada siziň iş tejribäňiz ýa-da bilimiňiz ýok bolsa, biznesi gurnamak üçin işi bilýän hünärmenden peýdalanmagyňyz​ ýerlikli bolar.

Pudagyň seljermesi

Ýurdumyzda oba hojalyk ekinlerini öndürmekde ulanylýan dökünler, esasan haýwanlaryň tezeginden öndürilenlerdir​. Organiki dökünleriň bazary üçin peýdaly statistika:

Her ýyl Türkmenistanda millionlarça agaç ekilýär;

Türkmenistanda ýyl saýyn ýyladyşhana hojalyklarynyň sany artýar;

Aşakda ady agzalanlar 2025 – nji ýyla çenli, Türkmenistany durmuş – ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna (resmi çap edilen) laýyklykda, ýylda ekilmegi we ýygylmagy​ meýilleşdirilýär;

Bir ýylda 94,8 million sany miweli baglar

Bir ýylda 86,4 million sany dekorotiw​ baglar

Ýer almasy ýylda 389,0 müň ton

Gök önümler ýylda 929,3 müň ton

Bakja önümleri ýylda 436,9 müň ton

Miwe önümleri ýylda 211,0 müň ton

Üzüm ýylda 332,8 müň ton

Şugundyr 224,0 müň ton

Organiki döküniň bazary möwsümleýin bolman, bütin ýylyň dowamynda isleg bildirilýär

Organiki döküniň 100 % ýerli çig maldan ybarat bolup, importa garaşly däl

Innowasiýa​ usullary ulanylan ýagdaýynda daşky bazarlara eksport etmäge hem mümkinçilik bolýar.

Organiki​ dökünleri öndürmek

Organiki​ dökünleri öndürmeklik, çylşyrymly biznes diýip hasaplanmaýar. Ilkinji nobatda, önümçilik sehini gurnamaklyk, harydy brendlemek​, çig maly üpjün edijiler bilen çözlüşmek​, harydy ýerlemek meselesine seretmek, oňaýly gap bilen gaplamak zerurdyr. Döküniň özboluşly ysynyň bolýandygyny göz öňünde tutup, önümçilik sehini ilat ýaşamaýan ýerinde gurnamaklyk gowy bolar.

Organiki döküni öndürmekligiň​ her dürli usuly bolýar. Önümçilik, umuman 3 sany tapgyry öz içine alýar, olar:

- Çig maly öňünden taýýarlama;

- Fermentleşme​ –çigmallary​ we goşundylary garyjyda​ kadaly garmak;

- Gaplamak üçin guratmak we kerçemek.

Bu biznesde üstünlik gazanmak isleýän bolsaňyz, siziň fermer we ýyladyşhana hojalyklary, welaýat etraplarynyň we obalaryň daýhanlary bilen ysnyşykly işlemegiňiz​ ähmiýetlidir.

Başlangyç maýa

Başlangyç maýa, ýaş başlaýan telekeçiniň iň esasy meselesi bolsa gerek. Eger biznesiňiz üçin daşyndan maýa çekmekligi meýilleşdirýän bolsaňyz, onda organiki dökün öndürmek boýunça jikme-jik biznes plan düzmek siz üçin möhümdir. Biznes planyňyzyň​ oňyn bolan ýagdaýynda banklary we maýdaryňyzy​ siziň biznesiňize​ maýa goýmaklyga ynandyryp bilersiňiz.

Çykdajylar :

Biznese başlamaklygy meýilleşdiren ýagdaýyňyzda, şu aşakdaky çykdajylar üçin pul serişdeleri zerurdyr;

- Ýeriň kärendesi;

- Organiki döküniň önümçiligi üçin seh gurnamak. Sehiň düzüminde ders üçin garyjy enjam, komposter​, uly göwrümli gaplar, rezerwuarlar we öndüriji enjam;

Önüm üçin gaplama materiallaryny satyn almak;

Işgärleriň zähmet haky çykdajysy;

Marketing çykdajylary.

Eger siziň önümiňiz bazaryň isleglerine gabat gelse, adamyň saglygy üçin peýdaly ekologiki taýdan arassa hasyl almaga mümkinçilik berse, onda biznesiňiz gysga wagtyň içinde ugrugar​ we peýda getirer.

Biznesiňizde​ üstünlik!