Banklar karzy nädip berýärler

Häzirki zaman jemgyýeti üçin, bank karzlary gündelik maliýe durmuşynyň bir bölegine öwrüldi. Bank karzyndan​ şahsdan başlap iri telekeçilere çenli ulanýarlar. Türkmenistanyň «Karz edaralary we bank işi hakynda» kanun, bank barada indiki düşünjäni berýär: “bank– fiziki we ýuridik şahslaryň pul serişdelerini çekmäge, olary gaýtarylmak​, tölenilmek​ we möhletlilik​ şertlerinde öz adyndan we öz hasabyna ýerleşdirmäge (karz bermäge)... aýratyn hukuk berlen karz edarasy.” Şu kanun esasynda banklar pul serişdeleri çekýärler we karz goýumlaryny amala aşyrýarlar. Soňunda yzyna gaýtmazlyk​ töwekgelçiligi bar bolandygy sebäpli, karz bermeklik riskli​ we çylşyrymly bank amallaryndan​ biridir. Karz arzany kabul edenden soňra banklar nämä seredýärler we nädip seljerme geçirýärler, bu barada bir agyz durup geçeliň.

Karz taryhy

Her berlen karzyň öz taryhy bolýar. Başga banklardan​ alnyp wagtynda tölenmedik​ ýa-da asla yzyna gaýtarylmadyk karzlar, karz taryhyna ýaramaz täsirini ýetirýär. Banklaryň bu meselä gaty çynlakaý çemeleşýändigini nazara alyp, karz taryhyňyzy​ zaýalamak​ maslahat berilmeýär. Onuň sebäbi bolsa karz baradaky maglumat we ýöredýän merkezleşdirilen bankara registr karz baradaky maglumaty ýyllaň​ dowamynda saklap bilýär.

Seljerme

Töwekgelçilikleri azaltmak bankyň esasy wezipelerinden biridir. Potensial müşderini seljerende​, bank onuň töleg ukybyna, resminamalaryň dogrudygyna​, ygtybarlygyna​ we takyklygyna​ üns berýär. Bankyň esasy görmek isleýän zady eger şahsyýet bolsa onuň girdeji çeşmesi, eger telekeçi bolsa maliýe resminamalary, bank hasabyndaky pul serişdeleriniň hereketi we peýdasy.

Haçan-da telekeçi işini resmi ýagdaýda ýöredýän bolsa we ähli hereketi bank hasabyndan geçýän bolsa, banklar şeýle karz arzalaryna has oňyn we ygtybarly garaýarlar.

Karzlaryň görnüşleri

Banklar, ýönekeý sarp ediş karzlardan başlap, kiçi, orta telekeçilik karzlary we iri maýa goýum taslamalary karzlaşdyrmakda​ ýöriteleşip​ bilerler. Talaplary boýunça iň kyn bolany, iri maýa goýum taslamalaryň karzlary hasaplanýar. Bu karzy bermek üçin talap edilýän sanaw beýlekilere görä has giň bolup biler.

Öz işiňizi açmak barada karara gelip, onuň üçin karz almaga banka ýüz tutmak isleseňiz, ilki bilen düşnükli bolan hakyky biznes meýilnamasyny ýazmagyňyz hökman. Biznes meýilnama, banka goýjak girewiňiz​, etjek işiňiziň aýratynlyklary, tölege ukyplylygyňyz​, işiň häzirki ýagdaýy, garaşýan girdejiňiz we geljek pul akymlary öz içine almalydyr.