Öý towuklaryny ýetişdirmek - bazarda elmydama islegde

Photo by Pixabay

Guşçulyk sektory, Türkmenistanyň azyk senagatynyň üstünlikli sektorlaryndan biridir. Soňky 10 ýylyň dowamynda ýerli azyk önümlerini öndürijileriň towuk ýumurtgasynyň we towuk etiniň önümçiligine girişmegi bilen, import ýumurtga we towuk eti azaldy, hat-da bazardan çykaryldy.

Bazarda towuk etine we ýumurtgasyna bolan islegiň elmydama ýokary bolýandygyny göz öňüne tutanyňda, öz guşçulyk fermaňyzy açmaklyk hiç haçan giç däldir.

Guşçulyk biznesi

Hemmämiziň bilşimiz ýaly, bazarlarda ýerlenýän towuk etiniň we ýumurtgasynyň uly bölegini towuklaryň tiz ýetişegen broýler görnüşleri tutýarlar. Biziň maksadymyz bolsa, öý şertlerinde ýetişdirilen towuk etiniň we ýumurtgasynyň biznesini gurnamak bolup durýar.

Öý towuklarynyň eti we ýumurtgalary özüniň özboluşly tagamy we ýokumlylygy bilen tapawutlanýar. Bu önümlere bazarda mydama islegiň ýokary bolýandygy üçin kärhana şertlerinde ýetişdirilen towuklara garanyňda has gymmat bahadan satyp bolýar.

Guşçulyk fermasynyň ýeri

Biznesiň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin fermanyň ýerleşjek ýeri talaba laýyk bolmaly. Fermanyň ýerleşjek ýerinde towuklara mahsus ysy we çykarýan goh-galmagaly göz öňüne tutulmalydyr.

Döräp biljek töwekgelçilik

Guşçulyk fermasy, düşewüntligi hem-de töwekgelçiligi ýokary hasaplanýar. Fermerleriň esasy gabatlaşýan töwekgelçiligi, munuň özi süriň içinde döreýän wirus keselidir. Sebäbi bir towugyň kesellemesi bilen, tutuş süriniň gyrylma töwekgelçiligi örän ýokary.

Tehniki talaplar

Guşçulyk fermasyny işletmek üçin bildirilýän tehniki talaplar:

Towuklary saklamak üçin kapasalar ýa-da açyk görnüşindäki agyl;

Ýagtylandyrma ulgamy;

Iýmit we suw nowalary;

Inkubatorlar;

Höwürtge;

Jüýjeler üçin bruderler;

Ders arassalama ulgamy.

Marketing strategiýasy

Meýilleşdirýän biznesimiziň esasy bölegi marketingden ybaratdyr. Zyýan çekmezlik üçin taýýar önümlerimizi ýerlemegiň ugruna çykmaly bolýarys.

Şowly boljak marketing ädimleri

Önümiňize at we logotip oýlap tapyň, meselem “El towugy”, “Öý towugy” ýa-da “Türkmen towugy”;

Önümiňiziň peýdalary barada maglumat berýän we özüňizi tanyşdyrjak ýönekeýje saýt ýasanyň;

Internetde we köpçülikleýin habar beriş serişdelerde önümiňizi we özüňizi reklama ediň;

Öz işiňiz bilen bagly seminarlara gatnaşyň.

Gerek boljak peýdaly maglumatlar:

Öý şertlerinde, towuklar iýmiň ähli görnüşlerini hem iýýärler. Gyşyna iýmiti dänelerden we kombikormdan ybarat bolup biler. Goşmaça iýmit galyndylary hem goşulyp bilner.

Duz we hek towuklaryň gündelik iýmine goşulmalydyr. Gyşyna towuklara witamin gereklidir.

Suwy we iými mydama ýyly görnüşinde berilmeli.

Guzlaýjy towuklarda guzlama döwrüniň 5-6 aýlyk wagtyndan soň başlaýany üçin, ony guzlama döwri gelmezden öň satyn almaklyk peýdaly.

Bir horaz, 10-15 towuga niýetlenen.

Inkubator üçin 10 günden kiçi bolan, döwügi ýenjigi bolmadyk ýumurtgalar saýlanýar.

Towuklarda enelik duýgusynyň güýçli bolany üçin, olaryň öz neslini özleriniň ýetişdirme ukyby bolýar. Şonuň üçin kürk towuklara diňe şert döredip bermek galýar.

Towugyň öndürijilik güýji 2-3 ýyldan soň peselýär. Şonuň üçin tiz –tizden soýmaklyk maslahat berilýär.

Towuklaryň guzlaýjylyk kuwwatyny artdyrmak üçin, olara köp möçberde gün şöhlesi gerek bolýar –gije-gündiziň dowamynda azyndan 14 sagat.

Towuk keteklerinde howalandyrma ýok bolan ýagdaýynda, towuklaryň keselbent bolmagy mümkin.

Gyş möwsüminde ketekler ýyladylan bolmaly. Ketegiň içinde infragyrmyzy şöhle gurnalsa, towuklaryňyz üçin peýdaly bolar.

Guzlaýjy towuklar üçin bolmaly temperatura derejesi -2 C den +27 C derejä çenli hasaplanýar.

Tomus möwsümi keselçiligiň ýaýramagyna oňaýly wagt bolany üçin, ketegiň içi arassa saklanmaly we dezinfeksiýa edilmeli.

Ketegiň beýikligi ortaça 2 metr bolmaly. 20 sany towuk üçin ortaça 10 m2 ýer niýetlenýär.

Takmynan seljerme

Girdejiler babatynda çaklama

Eger biziň saklajak öý towugymyz bir aýda takmynan ortaça 18 ýumurtga guzlar diýip hasaplasak, onda 500 towuk, jemi aýda ortaça 9000 sany ýumurtga guzlaýar. Öý towugynyň ýumurtgasynyň bahasy, fabrika ýumurtgasyna görä gymmat bolýar. Meselem öý towugynyň bir ýumurtgasy 0,80 teňňeden satylan ýagdaýynda, ýumurtga satmakdan alnan girdeji bir aýda ortaça 7 200 manatdan ybarat bolar.

Çykdajylar babatynda çaklama

Çykdajynyň esasy bölegi iým çykdajylardan ybarat bolar. Iýmiň çykdajysyny bolsa, bir towuga aýda ortaça 3,30 kg däne we 1,25 kg gök ösümlikler bilen üpjün edilmeli diýen hasaplamadan ugur alynmaly.

Çykdajylaryň içine ýene-de tok, suw, ýer kärendesi, weterinar çykdajysy hem-de işgärleriň zähmet haky hem girer.