Maýa goýumsyz halkara söwda 

Photo by Pixabay

Söwda-satyk işlerini, ylaýtada​ eksport işlerini halkara derejede alyp barmak aňsat iş däl. Birinji bilen esli möçberde maýa ýa-da dolanyşyk serişdeleri gerek. Serişde tapylan​ ýagdaýynda hem önümi ýerlemegiň kanallary ýola goýulýança​ ençeme päsgelçilikleri we kynçylyklary ýeňip geçmek gerek. Azda​- kände daşary ýurduň kanunçylygyndan​ baş çykarmaly. Bütin bularyň ählisi uly zähmet we tejribe talap edýän zatlar.

Her nähili bolsada, internet ulgamynyň ösmegi bu ugurda biziň öňümizde birnäçe mümkinçilikleri açdy. Öz önümimizi​ halkara derejede satyp başlamak üçin indi diňe adamlaryň göwnüne ýarajak şekilden​ baş çykarmak ýeterlikdir. Bärde dürli futbolkalary​ we başgada egin-eşikleri sargyt boýunça çykarmak barada gürrüň edilýär.

Birnäçe ýyl bäri hyzmatlary hödürleýän şunuň ýaly internet dükanlar hereket edýär. Bu dükanlaryň işleýşi hemmeler üçin amatly:

Meselem, printify​.com​ internet dükany hiçhili ýazgysyz​ we şekilsiz geýimler bilen üpjünçiligi we olaryň ýüzüne dürli dizaýnlary çap etmegi hem-de sargyt boýunça alyja poçta arkaly ugratmagy öz üstüne alýar, internet dükanyň agzasy hökümde​ size futbolkalaryň​ (geýimleriň) ýüzüne basyljak​ şekili ýa-da ýazgy tapaýmak galýar.

Bärde ähli zat diýen ýaly biziň oýlap tapyjylygymyza​, adamlaryň isleglerini we halaýan zatlaryny seljerip bilşimize bagly. Iň esasysy hem bu iş üçin bizden hiçhili maýa ýa-da pul talap edilmeýär.

Çig maly (geýimleri) tapmak, olara reňk bermek, siziň sargydyňyza​ laýyklykda oňa şekil bermek, ýazgy ýazmak, satylandan​ soňra dünýäniň islendik ýerine diýen ýaly ugradyp bermek bütinleý internet dükanyň jogapkärçiligindedir​. Bize bolsa diňe geýim-gejimiň​ ýüzüne beriljek ideýa (şekil, ýazgy we ş​.m​.) tapaýmak galýar.

Iş ýüzünde meselem printify​.com​ internet dükanynyň işleýşine seredip göreliň. Adaty reňk we şekil berilmedik köýnekçäniň​ 10 ABŞ dollary çemesi bahasy bar. Ýazgy ýazylandan soňra ýa-da islendik bir şekil berlenden​ soňra adatça köýnekçäniň​ bahasy 20 -30 dollara çenli ýokarlanýar. Şu ýerde bellemeli zat, internet dükan diňe köýnekçäniň​ bahasy, reňk we şekil bereni üçin we müşderä ugradyp bereni üçin şol bir möçberdäki tutumy​ alýar, galany bolsa siziň hasabyňyza geçirilýär, ýagny, näçe gymmat we köp satyp bilseňiz şonça-da utuşda​ bolýarsyňyz.

Futbolkalara​ we beýleki geýimlere beriljek şekilleri, ýazgylary oýlap tapmak üçin biraz bazary öwrenmeli, esasan hem günbatar ýurtlarynda şunuň ýaly geýimler kän geýilýändigi​ sebäpli şol ýurtlaryň isleginden ugur almaga çalyşmaly.

Meselem, kofe tematikasyny işlemek iň ýörgünli ideýalaryň​ biridir. Geýim-gejimleriň​ ýüzüne çap ediljek şekili, ýazgyny saýlap alanyňyzdan soňra ony internet ulgamynda mahabatlandyrmak hem möhümdir, munuň üçin internet ulgamyndaky köpçülikleýin habar beriş ulgamlaryndan peýdalanyp bolýar.

Şunuň ýaly platformalarda ýiti bäsdeşlik bardygy sebäpli, esasy zat köpräk döretmekdir, meselem 50 sany dizaýn döretseňiz we iň bolmanda biri uly islegden peýdalansa hem esli girdeji gazanyp bilersiňiz.