Hünäriň barmy, oturan ýeriňden halkara bazaryna çyk 

Photo by Resplash

Soňky ýyllarda hünäri bolup menzilara işläp biljek adamlar üçin, internet dünýäsi gazanç etmäne köp-köp mümkinçilikler açdy, oňa mysal edip internetdäki frilans biržalaryny getirse bolar. Aslynda "Frilans" sözi iki üç asyr bäri ulanylyp gelýän söz bolup, ilkibaşda hakyna tutma söweşijini atlandyrmak üçin ulanylan bolsa, häzirki wagtda sanly ulgam arkaly öz zähmetini we hyzmatyny hödürleýän şahsy taraplar göz öňünde tutulýar. Frilans bazary geçen on ýylyň içinde has hem ösdi. Kömelek ýaly köpelen frilans biržalary ýa-da platformalary munuň aýdyň şaýadydyr.

Frilans bazarynyň ösmegine näme itergi berdi

Elbetde ilkinji nobatda internet ulgamynyň ösmegi, dürli pudaklarda sanly ulgamda amala aşyrylýan işleriň köpelmegi, programmirleme ýa-da montaž işlerinden baş çykarýanlaryň köpelmegi we iň esasysy hem şol işlere bolan islegiň artmagy bolsa gerek. Her niçik bolsa-da, bu bazar barha ösýär. Diňe ösmek bilen çäklenmän, bu bazarda bäsdeşlik hem ýitelýär .

Frilans bazarynyň ösmegi biziň öňümizde nähili mümkinçilikler açýar

Dünýäde şol sanda Türkmenistanda internet ulgamynyň barha ösmegi bilen, köp adamlar öz işlerini internet arkaly ýola goýmaklyga höwes bildirýärler. Bu mümkinçilikden peýdalansak , öz hyzmatymyzy menzilara hödürlemäge giň mümkinçilikler açylýar. Halkara derejedäki gowy hasaplanýan frilans platformalarynyň biri fiverr.com mysal alalyň. Bu platformada her gün müňlerçe sargytçy kiçiräk göwrümli işlerini etdirmek üçin frilanserleri gözleýärler. Bu ýerde ýerlenilýän işleriň görnüşleri birnäçe toparlara bölünendir. Terjimeçilik, buhgalterçilik, ýazuw-pozuw , suratçylyk we ş .m işlerinden başlap wideomontaž işlerine, ýönekeý programmirlemeden başlap, web sahypa ýasamaga çenli dürli görnüşli sargytlar bu platformada ýerleşdirilýär.

Bu bazara nähili girmeli

Ilki bilen ýerleşdirilen tekliplere seretmeli we seljerme geçirilmeli. Öz başarýan işiňizi kesgitlemäge ýa-da täze iş görnüşlerini öwrenmäge çalyşmaly hem-de kiçiräk işlerden başlamaly. Eger, siziň menzilara hödürläp biljek hünäriňiz ýok bolsada onda ol hünäri edinmäge synanyşmaly, mysal wideomontaž etmeklik işi çylşyrymly bolup görünse-de, internetde bu ugur boýunça birnäçe mugt programmalar we okuw sapaklary bar, biraz wagt sarp edip öwrenseňiz, halkara bazaryna teklip bilen çykyp bilersiňiz, tejribänem iş ýüzünde gazanarsyňyz .

Platformada reýting (abraý) ölçegi hereket edýär, şol sebäpli ilki-ilkiler sargytlary başgalardan has arzan we hilli hem-de çalt ýerine ýetirmäge çalyşmaly. Belli bir reýtinge ýeteniňizden soň, bahany siz kesgitlemäge başlaýarsyňyz . Işiň düýp manysy ussatlygyňyzy artdyrmak.

Bu platformalar tiz baýamagyň bir usuly däldigini belläp geçmeli, emma, yzygiderli öz işiňiziň hil derejesini artdyrsaňyz we dowamly sargyt alsaňyz, onda geljekde daşary ýurt pulunda girdeji almaga başlarsyňyz . Ýene bir zady bellemeli, fiverr.com arkaly diňe sargyt gözlemän, hyzmat hem satyn alyp bilersiňiz!