Robotmy ýa-da adam - biznes kimi saýlaýar

Photo by Turkmenportal

Soňky ýüz ýyllygyň dowamynda önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmakda tehnologiýalar möhüm orny eýeledi – olar, ýönekeý oba hojalygyndaky elektron gurallaryndan başlap, uly zawodlarda işleýän robotlardyr​. Gitdigiçe robotlar biznes prosesleriniň bir bölegine öwrülýär. Olar adamlar bilen işleýärler ýa-da olaryň ornuny tutýarlar.

Başgaça aýdylanda, robotlar hünärmen hökmünde adamyň wezipelerini ýerine ýetirýän metal enjamlaryň wekilleri. Öňki makalalarymyzda ýazyşymyz ýaly, robot bilen gönüden-göni baglanyşykly hünärler barha aktuallaşýar​.

Ýaponiýa​ robot öndürmekde dünýäde öňdebaryjy ýurtlaryň biri hasaplanýar, bärde robotlara​ hemme ýerde duşup bolýar, restoranlaryň aşhanasynda suşi​ ýasaýan we gök önüm kesýän robot, azyk önümlerini öndürýän robot, tüwi ekýän we onuň idegini amala aşyrýan robot. Administratorçylyk​ edýan ýa-da arassalaýjy robotlar. Kofe dükanlarynda size ajaýyp kofe bilen hödür etjek barista​ robotlary işleýär.

Hiç hili duýgy görkezmän iş borçlaryny gönüden-göni ýerine ýetirýän, yzygiderli işleýän "robot ýaly işleýär" diýen aňlatma köp duş gelýän bolsak gerek. Hakykatdanam, bu gabat gelýän deňeşdirme.

Ösen we ösýän ykdysadyýetli ýurtlaryň mysalynda, senagatyň ösen ýerlerinde​ kompaniýalar köplenç önümçiligiň robotlaşmasyna​ agram berýärler.

Islendik bir robotlaşan​ zawodyň önümçilik prosesine syn edip, ykdysady nukdaýnazardan robotlaryň bähbitlidigine​ göz ýetirýäris, sebäbi olaryň iş prosesi üznüksiz bolýar, olar üçin ýörite şertli iş binalar zerur däl, iýmit ýa-da olar ýörite temperatura režimini​ talap etmeýärler.

Eger göterimde alsak​, häzirki wagtda dünýä ykdysadyýetinde robotlar esasan senagat pudagynda agdyklyk edýär. Gämi gurluşygy, uçar gurluşygy, atom senagatynda, oba hojalygy ýaly pudaklarda adamlar öz ornuny robotlara​ bermeýärler. Hyzmat sektorynda​ edil şolar ýaly.

Ykdysatçylaryň pikirine görä, giňden ýaýran robotizasiýa​, durmuşy ýeňilleşdirýär we zähmet öndürijiligini ýokarlandyrýar hem-de ykdysadyýete oňyn täsirini ýetirýär, şol bir wagtyň özünde pes hünärli işçiler üçin we belli bir derejede orta hünärli işçiler üçin howp döredýär. Emma şeýle-de bolsa, işde günortanlyk arakesmede siziň bilen gürleşýän ýakymly adamyň ýerini tutjak zat bolmaz.