Erkek köýnekleriniň önümçiligi

Photo by Pixabay

Erkek adamyň gündelik geýýän egin-eşikleriniň içinde erkek köýnegi onuň aýrylmaz bölegi hasaplanýar. Dogry saýlanan köýnek erkek adama özboluşly gelşik berýär. Pagtadan bolan köýnekleriň bahasy, hili sebäpli sintetik köýneklere görä gymmat bolýar. Türkmenistanda trikotaž matalaryň önýändigini nazara alsak köýnek önümçiligini ýola goýmak peýdaly ädimleriň biri bolar. Köýnek önümçiliginde gerek bolan çig malyň esasy bölegini ýurduň içinden tapmaklyk mümkin bolýandygy sebäpli, çig mal meselesinde daşary ýurda köp bir bagly bolmaýar.

“Köýnek biznesine” girilende hökman alyjylaryň islegini göz öňünde tutmaly, ýagny mydama döwrebap dizaýn döretmeli. Elbetde ýene-de zerur zatlaryň biri, ol hem bahanyň amatly bolmagy. Bazarda bäsdeş boljak erkek köýnekler, türk markaly köýnekler bolup biler. Eger köýnek bazaryna hakykatdanam girmekligi niýetläp bu ugurda kämilleşmek isleseňiz, onda öz hünärmenleriňizi daşary ýurtlara tejribe almaga ibermeklik hökman öz miwesini berer.

Biznesi guramak

Köýnek önümçiligini hem, beýleki önümçilikler ýaly şäheriň daş-töwereginde guramaklyk peýdalydyr. elektroenergiýa, suw we beýleki hojalyk, howpsuzlyk şertleri hem göz öňünde tutulmalydyr.

Erkek köýneklerini öndürmek boýunça tehniki talaplar

  • Bölekleri depjäp tikmek we tikin geçirmek üçin tikin maşyn;

  • Ilik tikmek üçin maşyn;

  • Ilik üçin deşik ýasaýan maşyn;

  • Biçim üçin pyçak;

  • Epimler üçin basyş enjamy

  • Ütüklemek üçin stol

Bu sanalanlar iň az gerek bolan zatlar. Yene-de ýagdaýa görä goşmaça enjamlary gurnamak mümkin. Önümçilikde enjamlaryň mydam işläp durmasy üçin bilermen hökman bolmaly. Bu işden her kimiň başy çykmaýandygy sebäpli, tikinden başy çykýan hökman maslahatçy işgär önümçiligiň aýrylmaz bölegi bolýar.

Önümi ýerlemek

Ähli önümçiliklerde bolşy ýaly, bu iş hem ýyllaryň dowamynda kämilleşýär. Önümiňizi öňdebaryjy önüm hökmünde saklamak isleseňiz, bazardaky üýtgeýän tendensiýany yzarlap durmaly bolarsyňyz. Köýnek üçin brend işläp taýýarlamak we şol at bilen hem dükan açmaklyk öz işiňize tiz itergi berer. Önümiň dürli reňklerde, şekillerde bolmasy wajypdyr.