Özünde müňlerçe banklary birleşdirýän SWIFT näme

Surat SWIFT logotipi

SWIFT​ (Society for Worldwide Interbank Financial Telecommunications) Bütindünýä bankara maliýe telekommunikasiýa jemgyýeti - banklaryň maliýe maglumatlaryny alyp-bermek we halkara töleglerini amala aşyrmak üçin ulanylýan ulgamy. Ol 1973-nji ýylda Belgiýanyň Brýussel​ şäherinde esaslandyrylan. Häzirki wagtda 10 müňden köp dünýäniň banklary oňa agzalyk edýärler, şol sanda Türkmenistanyň banklary hem onuň agzasydyr.

Her agza bankyň öz  SWIFT​ kody bolýar, şol kodlaryň​ kömegi bilen banklar sanlyja minutda dünýäniň islendik ýerindäki beýleki banklar bilen töleg hasaplaşyklaryny, ýa-da maglumat alyp-bermegi​ amala aşyrýarlar.

Banklaryň SWIFT​ kodlary telekeçileriň we kompaniýalaryň daşary ýurtlar bilen söwda edende ýagny import we eksport amallary üçin zerurdyr, şahsy taraplara bolsa, daşary ýurt bilen amala aşyrýan şahsy töleglerinde​ gerek bolýar.

SWIFT​ kody 8 ýa-da 11 simwoldan san bilen harplardan ybarat bolýar. Ilkinji 4 - guramany, indiki 2 simwoly - ýurduny, indiki 2 - sebiti we soňky 3 simwoly - şahamçany​ aňladýar.

Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş banky öz internet sahypasynda, özüne degişli dünýädäki habarçy banklarynyň SWIFT​ kodlaryny​ berýär, mysal üçin, onuň Ýaponiýadaky “Mizuho​ Bank LTD” bankyndaky​ ýapon ýenindäki​ kody -MHCBJPJT​ simwollardan​ yabarat diýlip saýtda görkezilen​.

Eger döwletiň kanunlaryna garşy bolmaýan bolsa, SWIFT​ ulgamynda geçirilýän tölegleriň mukdary çäklendirilmeýär. Tölegiň ýerine ýetiriliş güni, iň köp 2 günde amala aşyrylýar.

Töleg amala aşyrylanda bank edarasynda ýörite anketa doldurylýar. Internet ulgamynda dünýaniň​ islendik bankynyň, şol sanda türkmen banklarynyň hem  SWIFT​ kodyny bilmäge mümkinçilik berýän web saýtlar bar.