Biznes möwsümi ýa-da haçan näme satmaly

Photo by Pixabay

Öz işi bolanlar bazaryň ýagdaýyna hemişe gözegçilik edýärler, bazardaky möwsümleýin üýtgemeler harytlary ýa-da hyzmatlary ýerlemekde has hem amatly ýagdaýy döredip bilýär. Biznesde möwsüm köp sebäplere görä üýtgäp bilýär, meselem baýramçylyk günleri sowgat we suwenirleriň köp satyljak amatly wagty bolup biler. Mysal, Türkmenistanyň bazarynda okuw esbaplarynyň, oba hojalyk tohumlarynyň ýa-da gurallarynyň haçan has köp satyp bolýandygyny her birimiz çaklap bileris.

Bazardaky satuwyň hereketini yzarlamagyň köp usuly bar, olary ulanyp geljegi ýüz göterim bilmek mümkin bolmasa-da, iň azyndan öz işiňizi meýilleşdirmek mümkin bolýar.

Bu meselede täze ýyl iň gowy mysal bolup biler: bu baýram köp telekeçilere we firmalara ägirt uly täsirini ýetirýär. Eger bir ýylyň satuw maglumatlaryny grafik şekilde düzsek, onda dekabr aýy täze ýyl saçagy bilen baglanyşykly azyk önümleriniň satuwynyň iň köp hereket görkezen aýy bolar. Az bolup biler emma bu tendensiýany beýleki baýramçylyklarda-da synlamak bolar.

Syýahatçylyk biznesiniň iş ýüki tomus aýlarynda göz öňünde tutulýar.

Okuw ýylynyň başynda, kanselýariýa söwdasy işjeňleşýär, esasanam awgust aýy okuwa taýynlyk görülýänligi sebäpli has hem herketli hasaplanýar.

Gurban baýramy, mal satmak üçin örän amatly döwür bolýar.

Şeýle hem, Oraza aýynyň başlamazyndan ozal restoranlarda toý dabaralarynyň sanynyň köpelmegi bilen restoran we toý salon işlerinde uly dolanyşyk bolýar.

Belli bir birnäçe ýyldan gaýtalanýan möwsümleýin üýtgemeler bolýar, onda önümiňiz ýa-da hyzmatyňyz telewizoryň üsti bilen mahabatlandyrylsa ajaýyp täsirini ýetirýär - bu her 4 ýyldan bir gezek geçirilýän futbol dünýä çempionaty ýa-da meşhur sport türgenleriň çykyşlary we ş.m.

Häzirki wagtda ýurduň içinde azyk, nahar we beýleki harytlary eltip berýän internet sahypalary barha artýar. Bu tendensiýany synlap, internet söwda we internet tehnologiýa pudagy ýakyn wagtda güýçli öser diýen netijä gelip bolýar.

Bazara düşünmegiň iň aňsat bir usuly, öz söwdaňyz bilen bagly eliňizdäki maglumatlary öňki ýyllaryň degişli möwsümi bilen deňeşdirip görmek we satuw grafigiňizi yzarlamakdyr. Bu meselede kömek gerek bolsa, bize info@ozisim.com ýazyň, hökman size kömek ederis.