Işçi ellikleriň önümçiligi

Photo by Pixabay

Işçi ellikleriň önümçili, az meýdançada, az maýa goýum bilen amala aşyrylmagy mümkin we köp işçi güýjüni talap etmeýän önümçiliklerden biri. Önümçiligiň, göwrümi boýunça 2-3 tikinçisi bolan tikinçilik atelýe bilen deň hasaplanýar.

Önümçiligi guramak

Ilki bilen başlamazdan ozal, elbetde ýerli salgyt bölüminde telekeçi hökmünde hasaba durmaly. Işiň başlangyjy, önümi alyjylar kim? diýen sorag bolmagy mümkin, ilkinji nobatda olar senagat pudagynyň ýagny - himiýa, nebitgaz, demirýol, ýol we ş.m. işgärlerdir. Mundan başga-da ellikler iýmit, bag-bakja we ş.m. ugurlarda işleýän işgärleriň hem gündelik ulanýan harytlary. Bu harydyň alyjylary işçilerden başga-da hojalyklar bolar.

Önümçiligi ýola goýanyňyzdan soň, önümiň görnüşini diňe uly işçi ellikler bilen çäklenmän eýsem, başga-da goşmaça dürli mata ellikler bilen giňeltmeli. Matadan bolan elliklere gurluşykçylar, daýhan-bagbanlar, fermerler, önümçilik sehler we dürli kärdäki işçiler tarapyndan isleg bildirilýär.

Önümçilik üçin enjamlar we çigmallar

Işçi ellik önümçiligi üçin zerur boljak esasy enjamlar barada aýtsak, olar 2-3 sany tikin maşyn, owerlok, tikin stoly we 3-4 ölçegli (S-XXL) ölçeýji tikin çyzgyçlardan (lekaldan) ybarat.

Önümçilikde ulanylýan çigmallar - pugta nah matalar (biz, brezent, çit), içlik üçin matalar, aşhana ellikleri ýa-da sowuga garşy galyň bolmasy üçin sintepon matalardyr. Bulardan başga-da haryda görk bermek maksady bilen, önümi gaplamak üçin gaplaýjy enjam.

Önümçiligi giňeltmek

Eger-de önümçiligi giňeltmek maksadyňyz bar bolsa, adaty çykarjak mata ellikleriňizi rezin örtükli edip ýola goýup bolar. Munuň önümçilik tehnologiýasy, gaýnan suwuk rezin erginiň içine mata elligi sokup çykarandan soň elligiň daşyna ýapyşan suwuk rezin açyk howada sowaýar we taýýar rezin örtükli ellik bolýar.

Ýene-de önümçiligi giňeltmegiň görnüşleri: Türkmenistanyň gaty sowuk bolmadyk howa şertlerine laýyk geljek milli äheňde owadan mahmal, welýur, sintetik trikotažlar, atlas; matalardan erkek, aýal we çaga ellikleriň önümçiligini hem ýola goýup bolar. Biznesiň güllemesi üçin ökde dizaýneriň we tikinçiniň bolmasy hökmany şertleriň biri.