Bitkoin​ barada kelam agyz söz

Surat türkmen teňňeleri we bitkoiniň misden suwenir görnüşi

Geçen gezekdäki "Kriptowalýuta ​- ýönekeý sözler bilen" atly makalamyzy dowam edip, bu gezek dünýädäki ilkinji kriptowalýuta​ bolan bitkoin​ (Bitcoin​) barada söz açalyň. Umumy söz bilen aýdylanda, bitkoin​ – internediň üsti bilen işleýän wirtual pul serişdesi. Ony pul serişdesi hökmünde ulanmaklarynyň​ bir sebäbi – internediň üsti bilen geçirilýän töleglerde​ we hasaplaşyklarda amala aşyrmak üçin. Adamlaryň içinde bitkoini​ süýşürintgi edip toplaýanlaram​ az däl. Bitkoindäki​ amallar internet birikmesiniň üsti bilen amala aşyrylýar. Munuň üçin internetde her dürli taýýar programmalar, elektron gapjyklar​, platformalar​ bar.

Bitkoiniň​ şekili

Bitkoin​ eliňde tutup ýa-da görüp bolýan fiziki formasy bolan maddy gymmatlykdäl​. Ol diňe bir sanlardan düzülen internet torundaky maddydäl​ gymmatlykdyr. Bitkoiniň​ san düzüminiň aýratynlygy onuň howpsuzlygynda, ýagny başgalaryň bidüzgün hereket edip bilmezligi üçin çylşyrymly bolan matematiki formulalardan​ düzülmeginde​.

Bitkoiniň​ gymmaty

Türkmen manady bilen deňeşdirilende, ýagny 1 manat =​ 100 teňňeden ybarat bolsa, 1 bitkoin​ =​ 100 000 000 satoşiden​ ybarat hasaplanýar.

Bu walýutanyň gymmaty nämede? Bitkoinleriň​ köp ýurtlarda, esasan hem günbatar ýurtlarynda, Hytaýda we Ýaponiýada​ gymmaty bolan ýörgünli pul hasaplanýar. Gün-günden internetde muny töleg hökmünde kabul edýän söwdagärleriň sany hem barha artýar. Mundan başga-da bitkoini​ dollar, ýewro, hytaýyň ýuani​, ýaponiýanyň ýeni we ş​.m​. ýörgünli walýutalara​ alyş-çalyşlary​ edip boljak biržalar köpelýär.

Bitkoiniň​ bahasy şu güne çenli durnuklylygy​ saklap bilmedi, onuň bahasy dowamly göterildi, dowamly​ pese düşdi. 2017-nji ýylyň dekabr aýynda, 1 bitkoiniň​ bahasy 20 000 ABŞ dollary töweregine bardy bu baha onuň taryhynda iň uly bahasy boldy, 2018-nji ýylyň dekabrynda bolsa 3 000 ABŞ dollara çenli pese düşdi. Bilermenleriň çaklamagyna görä, bitkoiniň​ özüni beýle alyp barmagynyň​ sebäbini, adamlaryň oňa bolan ynamynyň entek pes bolandygy üçin diýip hasaplaýarlar. Olaryň aýtmagyna görä bitkoiniň​ bahasyny ýa-da gymmatyny adamlaryň oňa bolan ynamy, islegi we teklibi kesgitleýär. Bitkoina​ bolan isleg köpelip başlan wagty onuň bahasy gymmatlaýar​, isleg azalanda bolsa arzanlaýar.

Internetde Google​ gözlegi 1 bitkoinyň​ - türkmen manadyna bolan gatnaşygyny görkezýär.

Bitkoin​ barada söz açylanda köp sorag döreýär. Bitkoin​, umuman kriptowalýutalaryň​ özi gaty bir çylşyrymly bolan gymmatlyklar​. Onuň internet torunda döreýşi, gazanylyşy​ (maýning​ diýilýär) giden algoritimler​ bilen gurşalandyr. Hatda bitkoin​ ilkinji gezek 2009-njy ýylda çykarylan hem bolsa, kimiň çykarandygy barada şu güne çenli anyk bir zat ýok, ýaponiýaly Satosi​ Nakomato​ diýip ýazylýar, emma ol şahs barada entegem hiç hili maglumat ýok.

Ykdysadyýet boýunça Nobel baýraklaryny alan ykdysatçylaryň​ we dünýä belli maýadarlaryň içinde bitkoini​ tankyt edýänler az däl, olaryň aýtmagyna görä, özüniň maddy gymmatlygy bolmadyk (eliňde tutup bolmaýan gymmatlyk) we hiç bir zada, ýagny altyna, kümşe ýa-da başga bir maddy gymmatlyga baglanmadyk​ ýöne bir sanlardan ybarat bolan bitkoiniň​ gelejegi ýok diýip hasaplaýarlar.