El işleri we ýadygärlik sowgatlarynyň söwdasy 

Surat: el işi, daşy deriden, ýüpegiň üstünde türkmen göli bilen nagyşlanan aýallaryň el torbasy

Makala, el işleri we ýadygärlik sowgatlaryň söwdasyny gurnamak barada. Bu işiň başdaky maýa goýmunyň möçberi kiçi bolany üçin, mikrobiznes diýip atlandyrsak hem bolar.

Her bir ýurt, şäher özüniň medeniýeti, aýratyn bir dizaýny bolan el işleri bilen tapawutlanýar. Häzirki döwürde, bazarlarda islän zadyňy satyn alsa bolýar, emma “El işleri” ýa-da daşary ýurtlarda “Hand made” diýlip atlandyrylýan harytlarynyň gitdigiçe azalýar we gymmaty artýar. Türkmeniň aňyrdan gelýän medeni miraslarynyň içinde düýe, goýun ýüňlerinden edilen el işlere, tahýa, jorap, torbalara we başga-da köp dürli önümlere bazarda mydama isleg bardygyny bellemeli. Önümlerdäki milli sungat täze döwrüň dizaýny bilen utgaşdyrylsa, bu biznesiň aýratyn tarapy bolar. Bu önümleriň esasy müşderileri, daşary ýurda gidýän ildeşlerimiz hem-de daşary ýurtdan geljek ýurdumyzyň myhmanlary.

Logotip ýasadyň

Önümiňiz üçin gaýtalanmaýan logotip ýasadyň, munuň üçin dizaýneriň kömeginden peýdalanmaly ýa-da ýöriteleşdirilen internet saýtda özüňiz hem ýasap bilersiňiz.

Dükan üçin kärende ýeri tapmaly

Adamlaryň köp geçýän ýerinden dükan ýerini saýlaň. Gözlege wagt gidirmezlik üçin rieltorlaryň hyzmatyndan hem peýdalanyp bolar.

Dükanyňyzyň içini gurnamak

Söwda ediljek ýeriniň owadan gurnalmagynyň uly ähmiýeti bar. Satylýan önümler müşderileriň el aşagynda bolmaly, dizaýn bolsa müşderide türkmeniň taryhy hem-de medeniýeti bilen baglaýan duýgulary döretmeli.

Haryt bilen üpjün edijileri tapmaly

Türkmenistanda el işleri bilen esasan oba ýerlerinde köp meşgullanýarlar. Uly möçberdäki önümleri, Aşgabadyň demirgazygynda ýerleşýän Altyn – Asyr bazarynda her çarşenbe ýa-da dynç günleri, şäheriň merkezinde bolsa “Gülüstan” bazaryndaky ýarmarkalarda tapyp bilersiňiz.

Internet dükanyňyzy dörediň

Internet dükanynyň peýdaly tarapy, söwdaňyzy diňe öz şäheriňiziň içinde däl-de, eýsem ýurt we halkara möçberinde amala aşyrmaga mümkinçilik döreder. Türkmenistana geljek jahankeşdelere bolsa, öňünden siziň dükanyňyzdan aljak önümleri barada meýilnama düzmek aňsat bolar.

Internet sahypalarda reklamaňyzy goýberiň

Gündelik internet toruna girýän adamlaryň sany - sajagy ýok. Internet torundaky reklama siziň önümiňiz bilen gyzyklanýan müşderileriň köpelmesine sebäp bolar. Siziň önümleriňiz tiz tanalar we siziň derejäňiziň ýokarlanmasyna esas bolar.

Marketing

Siz bu biznes bilen meşgullanmagy ýüregiňize düwen bolsaňyz, onda elmydama işiň içinde bolmaly bolýaňyz. Sebäbi siz mydama täzeçillikleriň içinde bolmaly. El işleriniň bazaryndaky soňky islegleri bilen gyzyklanmaly. Önümleriň dizaýnyna mydama üns bermeli, olaryň bezegi bolan milli sungaty täze döwrüň dizaýny bilen utgaşdyryp durmaly. Dizaýnerleriň kömeginden peýdalanyp bazarda ýok bolan el işlerini hödürlemegi başarmaly. Ýurduň içinde hem-de daşyna eltip berme hyzmaty gurnamaly.

Üstünlik hemraňyz bolsun!