Balans hasabatyny nädip okamaly

Balans hasabaty, kompaniýanyň ýagdaýyna baha bermek, onuň maliýe suratyny açaçan​ görmek üçin niýetlenen bolsa-da, köp adamlar bu hasabata kynlyk bilen düşünýärler ýa-da asla düşünmeýärler​.

Aslynda balans - aktiw, passiw we başga-da bir topar akylly sözlerden ybarat bolan bir hasabat, ýöne bu makala bu aklylly​ sözleriň nämedigini düşündirmek däl-de, ondaky​ seredilmeli nokatlar barada bolar.

Köplenç menejerler ýa-da telekeçiler öz biznesiniň gidişi ýa-da başga işläp duran bir biznes barada gyzyklananda diňe onuň peýdasynyň sany bilen gyzyklanýarlar, emma peýda baradaky maglumat (görkeziji) kompaniýa baradaky doly maglumat diýmek däldir. Balans hasabaty kompaniýanyň maliýe ýagdaýyny görmek üçin esasy resminamalaryň biridir.

Balansda​ nämä seretmeli

Kompaniýa tölege ukyplymy​

Kompaniýanyň peýdasy, gazanjy köp bolup görnüp biler. Emma düýbünde​ ol tölege ukyplymy​? Maliýe dilinde oňa likwidlilik​ diýilýär. Belki kompaniýa harytlaryny ýa-da hyzmatlaryny nesýe satyp, satyn alyjyny bolsa bergidar edip balansyň​ algym bar diýen böleginde görkezýändir.

Buhgalter hasabatynda satdym eden zadyň puluny almadyk bolsaň hem, kagyzyň ýüzünde ondan girdeji​ gazandym diýip, peýda görkezmäge rugsat berilýär.

Kompaniýanyň müşderileri bergilerini töleýärlermi​ ýa-da “ertir bererin” diýip ýyllaryň dowamynda tölemän saklap gelýärlermi​, muny bilmek üçin ilki bilen balansdaky​ görkezilen algy – bergileriň düzümine hem-de kompaniýanyň bank hasabyna we kassasyna​ göz aýlamaly.

Algyly ýa-da bergili bolmak erbet görkeziji diýmek däl, emma olaryň möhletleri uzak ýyllara çekýän bolsa bu kompaniýanyň tölege bolan ukybyny peseldýär. Kompaniýanyň öz maýadarlarynyň we bergidarlarynyň​ öňündäki bergilerini pes ýerine ýetirjekdigini ýa-da asla tölege ukypsyzdygyny aňladýar.

Kompaniýanyň aktiwleri​ ýagny eýeçiligindäki maddy gymmatlyklary barmy

Her bir biznesiň​ eýeçiliginde emläkler ýagny, aktiwler​ bardyr. Olar maddy gymmatlyk ýa-da pul görnüşinde bolýar. Aktiwleriň içine: nagt pullar, ammardaky harytlar, binalar, enjamlar, awtoulaglar, algylar we başga-da pul gymmaty bolan islendik zat girýär.

Balans hasabatynda görkezilýän aktiwleriň aňyrsynda hakykatdanam aktiwleriň özi bolmalydyr.

Bergilere​ göz aýlaň

Belki-de​, tersine kompaniýanyň tölege bolan ukybynda hiç hili mesele ýokdur, ýagny onuň bank hasabynda pullar çogup durandyr, islän tölegini geçirip mesele çykarman bergilerini berip ýörendir.

Emma ýene-de puluň bar bolmagy, gowy görkeziji diýmek däl. Bu ýagdaýy görmek üçin balansyň​ bergiler bölegine göz aýlaýarys​, belki-de​ kompaniýa gelýän pul akymy haryt ýa-da hyzmat satmakdan däl-de, bankdan ýa-da başga şahslardan alnan karzlaryň hasabynadyr.

Kompaniýa kime bergili balansda onuň düzümini görmeklik esasy nokatlaryň biridir. Biznesiň​ diňe bergi bilen dolandyrylmagy hem gowy görkeziji däl.

Netije

Balans, kompaniýanyň maliýe ýagdaýyna düşünmek üçin iň esasy resminama bolsa-da, onda gerekli maglumatlary gizlemek üçin bir näçe nokatlar bar. Isle maýadar boluň, isle telekeçi boluň, isle menejer​ boluň ýagny öz işi bolan islendik adam maliýe resminamany okamagy başarmalydyr. Aslynda maliýe resminamalaryň​ görnüşi köp bolýar, emma balans olaryň iň esasysy. Balans özünde, has akylly karar bermäge kömek edip biljek maglumatlary saklaýar. Biznesiň​ ýagdaýyny eliňizde saklamak üçin, bu guraldan peýdalanyň.