Ýeralmanyň dünýä bazaryndaky söwdasy

Photo by Resplash

Ýeralma çörekden soň iň köp sarp edilen iýmitleriň hataryna girýär. Naharlaryň hemmesine diýen ýaly goşulýar. Ýeralmanyň watany Günorta Amerika. Ol bugdaý, tüwi ýa-da mekgejöwen ýaly iň köp sarp edilýän oba hojalyk​ önümlerindendir. Ýeralmanyň başgaça aýdanymyzda kartoşkanyň 4000 -den gowrak görnüşi bar.

Halkara azyk internet saýtlarynyň maglumatlaryna görä, 2019-njy ýylda dünýäde 300 million tonnadan köp kartoşka ösdürilip ýetişdirildi. Hytaý, Hindistan we Russiýa iň köp kartoşka öndüren döwletler boldy. Käbir ýurtlar hem eksport hem import edýärler.

Ýeralmany eksport etmekden ABŞ dollarynda 50 milliondan bir milliarda çenli gazanan döwletler - Niderladlar, Fransiýa, Germaniýa, Hytaý, Müsür, ABŞ, Belgiýa, Kanada, Britaniýa, Ispaniýa, Hindistanä, Italiýa, Daniýa we Izrail.

Dünýä eksportunyň çig görnüşindäki mukdary ortaça 4,85 milliard ABŞ dollaryna barabar boldy. Gaýtadan işlenen önüm görnüşindäki dolanyşyk möçberi ondan hem köp bolýar.

Kartoşkany​ import etmekde her biriniň başyna 100 million ABŞ dollaryndan hem geçýän esasy import ediji ýurtlar - Belgiýa, Gollandiýa, Germaniýa, Ispaniýa, Italiýa, ABŞ, Fransiýa, Angliýa, Russiýa, Portugaliýa, Gresiýa, Wýetnam, Kanada, Polşa we Müsür ýaly ýurtlar.

Bu önümiň sarp edilişi ýylsaýyn ösýär we 2030-njy ýylyň ahyryna çenli dünýäde kartoşka önümçiliginiň möçberiniň ortaça 400 million tonna ýetmegine garaşylýar.

Ýeralma garaýol​, demirýol we howaýollary​ arkaly daşalýar. Transportirowkada​ degişli hil resminamalary berkidilýär. Resminamalarda ýüküň ýagdaýy we daşamak şerti, saklanyş temperaturasy, önümiň sorty, ýygnan senesi we ş​.m​ görkezilýär.

Ýeralma girdejili ekin. Düşewüntligi​ azyndan 20 % bolup, 70 % -e​ çenli ýetýär. Özüne düşýän gymmatyny arzanlatmak​ we hasyllylygy ýokarlandyrmak üçin ony uly ekin meýdanlarynda ösdürip ýetişdirmek maslahat berilýär.

Kartoşkanyň görnüşleri, kesele garşy bolmagy, hasyllylygy we ýetişme​ wagty bilen tapawutlanýar. Ulanylyşynda baglylykda dört esasy topara bölünip bilinýär olar: tehniki, iýmit, naharlanyş we uniwersal.

Ýeralma ter görnüşinde sarp edilýän iýmit, goşmaça ony gaýtadan işläp spirt we krahmal öndürýärler. Şeýle hem ondan çipsi​, doňdurylan “fri​”, gury püre​ öndürilýär​. Mysal üçin, kartoşkany​ senagat taýdan gaýtadan işlemek üçin Gala, Red Skarlett​, Newskiý​ görnüşleri ekilýär.

Çeşme: www.worldstopexports.com