Balyk ösdürip ýetişdirmek düşewüntli biznes

Photo by centralasia.news

Balykçylyk hojalygy - azyk senagatynyň geljegi uly bolan ugurlarynyň biridir. Balyk önümleri, ýer ýüzüniň ilatynyň ýarysyndan gowragynyň esasy iýmitleriniň biri.

Soňky ýyllarda tebigatda balyk tutmagynyň artmagy bilen olaryň käbir görnüşleriniň sany ep-esli azaldy, şonuň üçin hem, emeli şertlerde balyk ýetişdirmeklik​ barha ýaýbaňlanýar. Balyklary emeli usulda köpeltmegiň ähli düzgünleri berjaý edilen halatynda işiň bu görnüşi öz eýesine yzygiderli girdeji getirip bilýär.

Türkmenistanda balyk ýetişdirmeklik

Türkmenistanyň howa şertleri balyk görnüşleriniň köpüsini açyk howdanlarda we şeýle hem, ýapyk binalardaky emeli howuzlarda ýetişdirmäge mümkinçilik berýär. Gyş paslynda howanyň temperaturasynyň köplenç ýyly bolmagy suw howdanlaryny ýylatmak zerurlygyny aradan aýyrýar we bütin ýylyň dowamynda diýen ýaly önüm almaga mümkinçilik berýär.

Önümçilik işe girizilenden soňra artykmaç wagt talap etmeýär – günde 3 -5 sagat wagt sarp etmek ýeterlikdir.

Ýurdumyzdaky tebigy howdanlarda ösüp ýetişýän balyk görnüşleri ilkinji nobatda bahasynyň başgalaryna​ garanyňda amatly bolandygy sebäpli ilatyň arasynda has köp isleg bildirilýänler​ – zagara balygy, tüňňi maňlaý, lakga, ak amur​ we ş​.m​. Balygyň bu görnüşlerini emeli şertlerde ýetişdirmek has amatlydyr.

Mundan başga-da, balyklaryň has seýrek gabat gelýän görnüşlerini hem ýetişdirmekligi​ ýola goýmak mümkin, meselem: bekre, çöke balyk, forel​ we şeýle-de, pangasius​.

Önümçiligi guramaklyk​

Balyk önümçiligini ýola goýmagyň iň çalt usuly, üsti ýapylan binalarda gurnalan ýörite howuzlarda balyk ösdürmekdir. Bu usul arkaly diňe adaty balyklary däl, biziň ýurdumyzda gabat gelmeýän çöke balyk, forel​ we beýleki gyzyl balyklar maşgalasyna degişli görnüşlerini köpeltmäge hem mümkinçilik berýär.

Forel​ başga balyklara seredeniňde çalt ulalyp bazar bahasy ýokary bolsa-da, daşky gurşawa gaty duýgur bolup durýar: olar düzümi kisloroda baý bolan sowuk suwy halaýarlar.

Açyk howdanlarda ýetişdirmek üçin bolsa, lakga balyk, zagara balyk, tüňňi maňlaý, pangasius​, lin​, ak amur​ amatlydyr. Bu balyklar iýmit we beýleki ýaşaýyş şertlerine we şeýle-de kesellere garşy çydamly hem-de köpelmegi aňsatdyr.

Balykçylyk üçin tebigy suw howdanlaryny ýa-da emeli howdanlary ulanmak bolýar. Howdanyň düýbi ýeterlik derejede dykyz bolmaly, gyrmança çökündileri bolmaly däl, çuňlugy pesinden 1 metr bolmaly. Eger-de howdan emeli usulda ýasalýan bolsa, onda onuň düýbüni çäge, toýun, beton ýa-da keramzit bilen özbaşdak berkitmeli.

Howdanlardan başga ýokarda sanalan balyk görnüşlerini has iri suw howdanlarynyň (meselem Garagum ýa-da beýleki derýalaryň) kenarlarynda ini onlarça metre baryp ýetýän özboluşly torlary guramak arkaly bölünen suwlarda hem ýetişdirmek mümkindir. Şunuň ýaly usul esasan hem lakga we kepir ýaly iri görnüşli balyklary ösdürip ýetişdirmäge has ýaramly.

Deňiz kenarlarynda özboluşly torlary guramak arkaly bölünen suwlarda balyklaryň bekre, kefal​, takgaz balygy, krewetkalar​ we ş​.m​. deňizde ýaşaýan görnüşlerini köpeldip bolýar.

Suw howuzlarynyň her birinde balygyň haýsy hem bolsa bir görnüşini ýa-da birnäçe görnüşini köpeldip bolýar, emma, balyklaryň käbir görnüşlerini bir howuzda salmak howply.

Önümçiligiň esasy tapgyrlary

Howuzlary enjamlaşdyrmak üçin suwy kislorod bilen baýlaşdyryjy kompressorlar​, sorujylar, filtrler, UF​-lampalar zerur bolup durýar. Önümçilik binasynyň meýdany 30 inedördül metrden az bolmaly däldir.

Howuzdaky​ suwuň umumy möçberiniň çen bilen alanyňda 10 -15 göterimi her iki-üç günden çalşyrylmalydyr.

Başlangyçda balyk tohumlaryny iri balykçylyk hojalyklaryndan satyn almak ýerlikli bolar. Balyk tohumlary satyn alnanda olaryň 10 göterim töweregi ýok boljakdygy we galanlarynyň bolsa diňe üçde biriniň meýilleşdirilen iň uly agrama ýetjekdigi göz öňünde tutulmalydyr.

Iň möhüm soraglaryň biri hem balyklary näme bilen iýmitlendirmeli​? Emeli howdanlardaky balyklary idemek üçin öndürilýän ýörite iýmler bar. Olar akwariumda​ saklanylýan balyklary iýmitlendirmek üçin ulanylýan iým bilen birmeňzeş däl we düzümi boýunça bir-birinden ep-esli tapawutlanýar.

Granula​ ýa-da «çips​» görnüşli balykçylyk hojalygynda ulanylmagy üçin öndürilýän iýmleriň düzüminde kadaly möçberlerde beloklar, ýaglar, witaminler we uglewodlar bar. Balyklarda​ refleks döretmek maksady bilen olary diňe kesgitlenen wagtlarda iýmitlendirmek maslahat berilýär – şunluk bilen geljekde olary tutmak aňsat bolar.

Iým garyndysyny özbaşdak hem taýýarlap bolýar. Onuň esasy bölegi balyk unundan ybarat. Oňa guradylan mör​-möjekler, gury süýt, çitçitiniň​ (krapiwa​), tozganyň​, atgulagyň​ buga ýatyrylan baldajyklary, dafniýalar​ (suw büresi​), sikloplar​ we beýleki oňurgasyzlar​ deň möçberlerde goşulýar.

Ekosistemasy​ eýýäm emele gelen açyk suw howdanlarynda ösdürilip ýetişdirilýän balyklar belli bir derejede özbaşdak iýmitlenip bilýändikleri sebäpli iými kän talap etmeýärler. Tomus aýlarynda howanyň gyzmagy bilen balyklaryň işdäsi açylýar, gyşyna bolsa tersine azalýar.