Pul barada näme bilmeli

Dünýäniň islendik ýerinde ykdysadyýetiň çarhyny aýlaýan puldur. Önüm öndürijiler we hyzmat berijiler pula bolan ynamy esasynda önüm öndürýärler we hyzmat berýärler.

Öňler adamlar özüne zerur gerek bolan harytlaryny elinde bar bolan harydyna çalyşýardylar (barter edýärdiler), soň-soňlar ölçeg birligi hökmünde altyn, kümüş we beýleki metallardan ýasalan şaýy pullary ulanyp başladylar, ýagny, islendik haryt we hyzmatyň bahasy altynda ýa-da kümüşde ölçenmäge başlandy. Altyny we kümüşi bolsa kynlyk bilen, agyr şertlerde gazyp alypdyrlar.

Indi bolsa, pullar pul çykarýan maşynda çap edilýär we dolanyşyga goýberilýär, emma bu göz öňümize getirşimiz ýaly aňsat iş däl.

Häzirki döwürde her bir döwlet çykarjak milli puluny özi belleýär we mukdaryny özi kesgitleýär, muňa ykdysadyýetde fiat pullar diýilýär.

Fiat pullaryň nominal gymmaty kagyzyň ýüzündäki bellenilen sanlara laýyklykda kesgitlenilip, şol ýurtdaky tölegleriň ähli görnüşleri üçin ulanylmaga ýaramlydygy barada kanunlar esasynda beýan edilýär.

Fiat pullaryň tölege ukyplylyk güýji, hümmeti köplenç halatda puly çykaran döwletiň ykdysadyýeti bilen gönümel bagly bolýar.

Dünýäniň ähli döwletlerinde diýen ýaly, puly dolanyşyga goýberýän we ony regulirleýän edaralar bardyr, olara käbir ýurtlarda merkezi bank, käbirlerinde halk banky ýa-da milli bank ýa-da ýene başgaçarak görnüşde atlandyrylýar.

Gymmatlygyň islendik görnüşinde ölçeg hem-de mukdar bolýar, edil şonuň ýalyda dolanyşykdaky puluň hem ölçegi bar.

Adatça ykdysatçylar dolanyşyga goýberilen pullary aşakdaky toparlara bölýärler:

M0 – Dolanyşykdaky nagt pullar olar manatlar we teňňeler.

M1 – Nagt pullar, raýatlaryň plastik bank kartlaryndaky we bank hasaplaryndaky möhletsiz saklaýan galyndylary, telekeçileriň we kärhanalaryň bank hasaplaryndaky pul serişdeleri.

M2 –Bu ölçegiň içine M1- de hasaba alnan pullaryň üstüne banklardaky saklaýan ähli möhletli (depozit) serişdeler goşulýar. Bu kategoriýa hem nagt görnüşinde aňsatlyk bilen geçirilip bilinjek pullar diýmekligi aňladýar.

M3 –Bu pul ölçegi, M2 ölçegini we pul sertifikatlaryny, döwlet obligasiýalaryny hem-de uly möçberdäki döwletiň likwid pul serişdelerini öz içine alýar.

Dünýä tejribesinde Merkezi banklar ýurtdaky pul-karz syýasatyny durmuşa geçirenlerinde belli bir derejede bu ölçeglere esaslanyp hereket edýärler. Bu baradaky maglumatlary öz hasabatlarynda beýan edýärler.

Bu görkezijilerden köplenç ykdysadyýetçiler we maýadarlar peýdalanýarlar. Bu ölçegiň üsti bilen şol ýurduň pul birliginiň gymmatlajakdygyna ýa-da arzanlajakdygyna seljerme we çaklama berýärler ýa-da başgada maliýe taýdan analitiki işleri amala aşyrýarlar.

Puly çap etmek wezipesi merkezi banklaryň üstüne ýüklenen bolsa-da, olar puly islegine görä çap etmän, eýsem dürli hasaplamalara esaslanyp onuň zerur bolan möçberini çap etmäge çalyşýarlar. Gereginden artyk çap edilen pul, şol puluň hümmetiniň pese gaçmagyna sebäp bolup bilýär.