Ýyldyz söwdasy – geň we gyzykly

Photo by Pixabay

Bu makalada size telekeçiligiň bir görnüşi barada gürrüň bermekçi. Bu asman jisimi bolan - ýyldyzlary satmak barada. Köp ýurtlarda ýyldyz satmak biznesi öňden gelýän işleriň biridir, bu biznes tejribede geçen asyryň 80-nji ýyllaryndan bäri gelýär.

Ýyldyzlary “satmak”, şeýle seretseň asmandaky ýyldyzlar gaty uzakda, kosmosda ýerleşip ýetip bolmaýan planetalar ýaly bolup görünsede, wirtual dünýäde ýyldyzlaryň “satuwy” amala aşyryp bolýan hakykata öwrüldi.

Biznes ideýanyň döremegi

Bu gün bazarda hödürlenýän teklipleriň sany-sajagy ýok, käte ýoldaşyňy, kärdeşiňi ýa-da söýgüliňi nädip geň galdyryp biljegiň barada pikirlenmeli bolýaň.

Doglan günde, baýramçylykda ýa-da toýda, öň sowgat berilmedik zady sowgat bermek üçin "Näme alyp bersemkäm?" diýen sorag bilen ýüzbe-ýüz bolýarys.

Daşary ýurt tejribesinde käbir telekeçiler "ýyldyz satmak" ýaly biznes ideýany oýlap tapdylar we iş ýüzüne geçirdiler.

Bu nähili işleýär

Şeýlelik bilen, sowgadymyz barada oýlananymyzdan soň, internetde ýyldyz satyn almak üçin sargydymyzy goýýarys. Iň gyzykly ýeri, ýyldyzlaryň haýsydyr birini özbaşdak saýlap, isleýşimiz ýaly at berýäris.

Ýyldyzlaryň atlary bilen internet kartotekasy bolýar, şol sebäpli ýyldyzlarda birmeňzeş at bolup biler, ýöne her ýyldyzyň görnüşi özboluşlydyr. Olaryň meýdanynda, ululygynda we giňliginde tapawut bar.

Internetde ýyldyz satyn almak üçin sargyt edip boljak köp sanly programma üpjünçiligi bar.

Mysal üçin, “Google Sky Map” üsti bilen, “satyn alnan” ýyldyzy synlap bilersiňiz, ol kosmosda onuň hereketini yzarlamaga mümkinçilik berýär.

Marketing

Hemmämiziň bilşimiz ýaly, isle ýer planetasynda ýa-da asmanda bolsun bu biznesde-de marketingiň möhüm orny bar.

Müşderi sargydy kabul edilenden soň, oň islegi boýunça kagyz ölçegini (A2, A3) kesgitleýäris, ýyldyzyň suraty çap edilýär we önüme görnüş berilýär.

Şeýlelikde, müşderi ýyldyzyna diňe wirtual görnüşde däl, eýsem ofisinde ýa-da öýünde diwara asyp synlap bilýär. Kosmosyň bir ýerinde hemişe özüňe degişli we adyňy göterýän ýyldyz bar diýen pikir adama ýatdan çykmajak täsir we duýgy berýär. Size hem öz ýyldyzyňyzy tapmagyňyzy arzuw edýäris.