Mikrobiznes - ter miweden sykylan suwlaryň brendini döret

Photo by Resplash

Belki-de bu iş, başda has hem kiçi göwrümli söwda nokady ýaly bolup görnüp bilner. Emma siz ter miwe şiresinden jana şypaly suwy hödürleýän bazarda siziň brendiňiz hökmünde tanaljak Türkmenistanyň ähli ýerlerindäki ýüzlerçe nokatlaryňyzy göz öňüne getiriň.

Sykylan miwe suwlary – witaminlere we antioksidantlarda baý bolan jana şypaly tebigy önümleriň biridir.

Häzirki döwürde ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesi meşhurlyga eýe bolýar. Türkmenistanyň yssy howa şertlerinde miwe suwlary we freşler teşneligiňi gandyrjak hem-de bedeniňe tonus berjek peýdaly içgidir. Içine buz goşulan ýagdaýynda bolsa, “buz ýaly” içgileriň biri bolar.

Telekeçilige kiçi göwrümde bolan ýagny mikrobiznes bilen başlamak isleýän bar bolsa, bu iş tüýs laýyk boljak başlangyçlaryň biri bolar.

Mikrobiznesi guramak

Nokat açmazdan ozal, nirede açyp boljakdygy barada seljerme geçirmek zerur. Elbetde iň bir möhüm şertleriň biri, nokadyň ýerleşjek ýerini adamlaryň köp geçýän ýerinde ýagny geçelgelerde bolmagy möhüm şertdir.

Seýilgähler, söwda we medeni dynç alyş merkezleri, ýaşaýyş toplumlaryndaky adamlaryň gezelenç edýän ýerleri we ş.m. köpçülik ýerler bolup biler.

Meýdanyň möçberi 6m2 ýa-da kiçiräk bolmasy ýeterlik

Nokadyň daş-töwereginde adamlaryň haýsy sagatda köp bolýandygyny bilen ýagdaýyňyzda önümiň näçe mukdarda bolmasynyň gerekdigini sazlap bilersiňiz.

Miweler barada aýdanymyzda, menýuň içine almadan, banandan, üljeden, şetdalydan we Türkmenistanyň çäginde ösýän islendik miwe görnüşlerini goşup bolar. Umuman islegiňize görä islendik miwe suwlary bolup biler.

Enjamlar

Size gerek boljak zatlar: uniwersal miwe sykyjy enjam, apelsinleri ýa-da başga sitrus miweleri sykmak üçin enjam, sowadyjy, kassa enjamy, witrina, bar, buz ýasaýjy, esbaplary salmak üçin şkaf.

Marketing

Müşderi bilen özüni mylakatly alyp barýan satyjynyň bolmasy, işi gurnamagyň esasy şertlerinden biridir. Siziň inwentarlaryňyzy gap-çanaklaryňyzy bezejek logotip we at tapmalysyňyz.

Oňa mysal edip “Miweli suw”, “Ter miweden” ýaly atlar bolup biler. Menýunyň içine goşmaça kokteýiller, miksler hem goşup bolar. Internet ulgamynda sosial torlaryň üsti bilen hem özüňizi tanadyp bilersiňiz.

Özüňizi tanatmak maksady bilen başga-da dürli çäreleri geçirmek işiňize oňyn itergi bolar. Hat-da eltip berme hyzmaty hem goşulyp bilner. Kafe şeklinde gurnan ýagdaýyňyzda bolsa elbetde oturgyçlar we stollar bilen doldurylmalydyr.