Türkmenistanda audit we auditiň zerurlygy barada

Photo by Pixabay

Bazar ykdysadyýetinde üstünlikli we girdejili hereket etmek üçin mizemez orun edinmek we yzygiderli ösüş gazanmak maksat edinilýär.

Şoňa laýyklykda, Käbir telekeçilik işlerini amala aşyrmak üçin özleriniň pul serişdeleriniň ýeterlik bolmazlygy sebäpli işewürlik ýoldaşlary bilen bilelikde hereket etmegi meýilleşdirýärler.

Bazar gatnaşyklaryna girýän islendik taraplaryň maksady maliýe töwekgelçiligini azaltmaga mejburdyrlar​. Olaryň içine ilki bilen döwletiň bellän düzgünleri esasynda hereket etmek we işewür ýoldaşlaryň peýdadaky​ paýyny dogry paýlamak wezipeleri girýär.

Şeýle wezipeleri bir kemsiz ýerine ýetirmek üçin bolsa telekeçilik işinde garaşsyz gözegçiligi ulanmak taraplar üçin bähbitli çözgütdir. Garaşsyz, ýagny hiç kime bagly bolmadyk gözegçiligi amala aşyrmak üçin dünýä tejribesinde audit gözegçiliginden giňden peýdalanylýar.

Audit näme

Audit – geçirilen buhgalter amallar esasynda bar bolan maglumatlaryň dogrudygyny we doludygyny​, olaryň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyk gelýändigini kesgitlemek hem-de barlagyň maksady bolup durýan soraglar boýunça garaşsyz pikiri beýan etmek üçin auditor, auditorçylyk guramasy tarapyndan ykdysadyýetiň subýektiniň​ maliýe-hojalyk işine geçirilýän barlagdyr.

Şeýle barlaglary, auditoryň​ hakyky hünär derejeli şahadatnamasy, auditorçylyk işini amala aşyrmak üçin ygtyýarnamasy bolan we Türkmenistanyň auditorlarynyň​ döwlet sanawynda bellige alnan fiziki şahslar, ýagny auditorlar amala aşyrýarlar.

Auditoryň hyzmatlary

Şeýle hem, özbaşdak auditorlar we auditorçylyk guramalary auditorçylyk işiniň ugry boýunça şu aşakdaky hyzmatlary amala aşyryp bilýärler:

1) maliýe hasabatlary düzmekligi:

a​) buhgalterçilik hasaba alnyşyny ýola goýmaklygy, dikeltmekligi;

b​) maliýe we statistik hasabatyny düzmekligi;

ç​) maliýe hasabatlylygyny maliýe hasabatlylygyň halkara standartlaryna geçirmekligi;

2) maliýe hasabatlylygynyň seljerilmegini;

3) aşakdakylar boýunça maslahatlaryň berilmegini:

a​) maliýe we statistik hasabatyny düzmek;

b​) buhgalterçilik hasaba alnyşy we buhgalterçilik hasaba alnyşynyň guralmagyna maglumatlar tehnologiýalaryny ornaşdyrmak;

ç​) salgyt salmak we maliýe-hojalyk işiniň beýleki meseleleri;

4) auditiň milli standartlarynda göz öňünde tutulan başga hyzmatlar.

Audit geçirmeklik hökmany we başlangyçly bolup durýar

Şu aşakdakylar babatynda audit hökmanydyr:

1) ykdysadyýetiň şu aşakdakylary amala aşyrýan subýektleri:

a​) bank işini;

b​) gymmatly kagyzlar bazarynda hünär işini;

ç​) birža söwdalaryny guramak boýunça işi;

d​) ätiýaçlandyryş işini, şol sanda pensiýa ätiýaçlandyrmasy çygrynda;

2) işiň şu bölegiň 1-nji bendinde görkezilmedik beýleki görnüşlerini amala aşyrýan ykdysadyýetiň paýdarlar jemgyýeti, hojalyk jemgyýeti, bilelikdäki kärhana görnüşinde döredilen subýektleri, şeýle hem olaryň golçur kärhanalary;

3) daşary ýurt kompaniýalarynyň Türkmenistanda bellige alnan şahamçalary we wekilhanalary;

4) esaslyk maýasy bölekleýin ýa-da dolulygyna daşary ýurt maýalarynyň hasabyna emele getirilen, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilen ýuridik şahslar.

Hökmany audit her ýylda geçirilýär

Başlangyçly audit geçirilýän subýektiň​ başlangyjy boýunça auditi geçirmek hakynda başlangyçly çykyş eden tarap bilen özbaşdak auditoryň​ ýa-da auditorçylyk guramasynyň arasynda baglaşylan şertnamada göz öňünde tutulan anyk wezipeleriň, möhletleriň we auditiň möçberleriniň hasaba alynmagy bilen geçirilýär.

Siziň telekeçilik işiňizdäki​ hukukdyr​-borçlaryňyzy ýerine ýetirmegiňizde​ töwekgelçilikleri azaltmak we aradan aýyrmak üçin döwürleýin audit barlagyny geçip durmagyňyzy we degişli maslahatlary almagyňyzy ýola goýsaňyz, üstünlikli ösüşlere eýe bolmagyňyza ýol açar.