Wakuum bilen şekil beriji enjam – termoplastdan​ islän önümiňi öndür

Photo by Resplash

Syn etseňiz gündelik durmuşymyzda wakuum tehnologiýasynda taýýarlanan önümler bilen iş salyşýarys​. Suwa düşýän wannamyz​ bir gezeklik ulanýan gap-gaçlarymyz​, awtoulag bamperleri​, dekorotiw​ önümler, reklamalarda​ ulanylýan​ uly göwrümli harplar, çagalaryñ käbir oýnawaçlary we şoňa meňzeş önümleriň hemmesi diýen ýaly wakuum emele getiriji enjamda öndürilen önümlerdir.

Bu enjamyň awtomobil, awiasiýa, gämi gurluşygy, lukmançylyk, şaý-gurallar önümçiliginde, energetika, azyk we gurluşyk ýaly dürli pudaklarda ulanylyp bolýandygyny bellemelidir​.

Wakuumda şekil bermeklik – bir önümi öndürmek üçin termoplastlary​ ulanmak arkaly geçirilýän bir prosesdir​.

Enjamyñ görnüşleri

Wakuum emele getiriji maşyn dürli görnüşli bolup biler. Senagat görnüşi barada aýtsak ol hem ýönekeýligi we köp funksiýalygy bilen tapawutlanýar.

Enjamyň esasy ölçegleri: sowadyş ulgamy, germetikligi​, berýän wakuum derejesi, önümçilik kuwwaty, tehniki aýratynlyklary, elbetde öndüriji ýurdy. Şeýle hem gyzdyryş panelleriniň görnüşlerine hem üns bermelidiris.

Önümçilik üçin çig mal

Çig mal hökmünde termoplastyň​ dürli görnüşleri ulanylýar: polietilen; PWH​ (poliwinilhlorid); polipropilen; polimetilmetakrilat​ (PET); ABS plastik; polistirol; polikarbonat. Gerekli çig mallaryň köp bölegi Türkmenistanda öndürilip çykarylýar.

Bu nähili işleýär

Ýuka bolan plastik listleri​ tende gyzdyrylýar we matrisa ýüzüne ýazylýar, soň wakuum döredilýär - enjam howany sorup​ çykarýar, şondan soň plastmassa listleri​ matrisanyň​ şekiline ýapyşýar, näme şekil berlen bolsa şol emele gelýär we sowadylýar ýagny gatap taýýar önüme öwrülýär.

Bu enjamda işlemeklik üçin ýörite bilim we tejribe toplamak hökman däl.

Önümçilik meýdany üçin talaplar

Otagda çyglylygyň bolmazlygy, enjam üçin ýeterlik ýer, üznüksiz elektrik üpjünçiligi, iş prosesi üçin tekiz we gaty ýer.